BMW şuting-breýk äheňinde üýtgeşik konsept-karyny görkezmäge taýýarlanýar

  • 21.05.2025 07:59
  • 4.1k+

BMW şuting-breýk kuzowynda ýerine ýetirilip bilinjek üýtgeşik konsept-karynyň premýerasyna taýýarlanýar. Prototip 23 – 25-nji maýda geçiriljek Concorso d'Eleganza Villa d’Este 2025 awtomobil sergisinde görkeziler.

Şuting-breýk (shooting brake) diýip, sport we dinamiki görnüşe eýe bolan iki ýa-da üç gapyly kupe-uniwersallara aýdylýar. Adaty uniwersallardan tapawutlylykda, olaryň yzky aýnasy we üçegi has ýapgyt görnüşde bolýar, şol sebäpli awtomobil sport kupesi ýaly görünýär.
Awtomobiliň sportkara mahsus ölçegleri, pes kuzowy we 8 seriýasynyň modellerine meňzeş stili almagyna garaşylýar. Muňa BMW-niň baş dizaýneri Adrian wan Hoýdonk tarapyndan hödürlenen suratlardan düşünmek bolýar.
Konsept burçly dizaýny, uly tigirleri we ýönekeý, ýöne stile laýyk yzky fonarlary bilen tapawutlanýar. Käbir hünärmenler onuň 2023-nji ýylda görkezilen Z4 shooting brake-iň pikir dowamy bolup biljekdigini çaklaýar. Ýöne ölçeglerdäki we detallardaky tapawutlar düýbünden täze konsepti görkezýär.
Häzirlikçe kompaniýa tehniki aýratynlyklar we önümçilik meýilnamalary barada maglumat bermedi. Onuň Z4 ýaly ýeke-täk nusgada galyp, köpçülikleýin önümçilige goýberilmezligi-de mümkin.


18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......