Kanadada “garynjygy” bolan üç gözli deňiz ýyrtyjysyny tapdylar. Ol 506 million ýyl ozal ýaşap geçipdir

  • 20.05.2025 14:30
  • 7.6k+

Manitoba muzeýiniň we Patyşalygyň Ontario muzeýiniň paleontologlary Kanadadaky Býorjess slaneslerinde deňiz ýyrtyjysynyň täze görnüşini tapdylar. Tapyndynyň ýaşy 506 million ýyl diýip, Royal Society Open Science žurnalyndaky çap edilen barlaga salgylanýan Phys.org ýazýar.

Bu jandara Mosura fentoni diýip at dakyldy. Ululygy boýunça ol süýem barmakdan uly däl. Onuň üç gözi, ýiti dyrnaklary, dişli tegelek agzy we iki gapdalynda ýüzgüçleri bar.
Mosura ýok bolup giden radiodontlar toparyna degişlidir, oňa iri ýyrtyjy anomalokaris hem degişli. Şeýle-de bolsa, mosuranyň özboluşly bir aýratynlygy - beýleki radiodontlarda bolmadyk, segmentli süýnmek žabraly"garynjygy" bardy.

"Bedeniniň yzky böleginde žabraly 16 sany jebis syrlaşyp duran segmenti bar. Bu onuň gylyçguýruklar, eşekýassyklar we mör-möjekler ýaly häzirki zaman haýwanlary bilen ewolýusiýa ýakynlygynyň bardygynyň mysaly" – diýip, Manitoba muzeýiniň paleontologiýa kuratory Jo Moýsýuk – gürrüň berdi.

Alymlar bu gurluşyň daşky gurşawyň aýratynlyklary ýa-da has netijeli dem almak zerurlygy bilen baglanyşykly bolup biljekdigini çaklaýarlar.
Ýaýbaň ýüzüş galkanlary we inçe guýrugy sebäpli jandar resmi däl "deňiz güýesi" adyny aldy.
Mosura bognaýaklylaryň gadymy şahasyna degişlidi, oňa häzirki zaman möýleri, leňňeçler we köpaýaklylar hem degişli. Käbir galyndylar içki beden agzalaryny hem  - nerw çogdamlaryny, gan aýlanyş we iýmit siňdiriş ulgamlaryny saklap galypdyr.

Ýyrtyjynyň gan aýlanyşy açyk görnüşli: ýürek gany lakunalara – galyndylarda görünýän içki boşluklara akdyrypdyr.
Býorjess slanesleri Ýoho we Kuteneý milli seýilgählerinde ýerleşýär we Kanadanyň seýilgäh gullugy tarapyndan goralýar. 1980-nji ýyldan bäri olar ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.


düýn 06:42
4.7k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4.2k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
5k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......