B.e. öňki 355-nji ýylyň hytaý ýyldyzlar kartasy iň irki asman atlasy diýlip ykrar edildi

  • 20.05.2025 10:48
  • 4.1k+

Hytaýyň Milli astronomiýa obserwatoriýasynyň halkara alymlar topary gadymy hytaý resminamasy “Ussat Şiniň ýyldyz gollanmasyny” öwrenip, munuň ýyldyzly asmanyň iň irki atlasydygy baradaky netijä geldi.

Täze maglumatlara görä, karta biziň eýýamymyzdan öň, takmynan, 355-nji ýylda döredilipdir. Bu öň çak edilenden iki ýüz ýyl irdir. Ozal bu karta biziň eýýamymyzyň 125-nji ýylyna degişli hasap edilýärdi.
Atlasyň ýaşyny kesgitlemek üçin şekilleri gaýtadan işlemegiň häzirkizaman usullary, şol sanda kompýuter görşüne esaslanýan tehnologiýalar ulanyldy. Olaryň kömegi bilen soňky düzedişleriň netijesinde peýda bolan ýyldyzlaryň ornundaky ýalňyşlyklary ýüze çykarmak we maglumatlary häzirki koordinatlar bilen deňeşdirmek başartdy.
Atlas 120 ýyldyzdan ybarat katalogy öz içine alýar, olardan 118 sanysy üçin takyk orunlar görkezilen. Bu hem ony şol döwür üçin özboluşly edýär. Ylmy gözlegçiler ýyldyz koordinatlarynyň Hytaýda asman jisimleriniň hereketini görkezmek üçin gural peýda bolandan soň sferik ulgam boýunça çyzylandygyny kesgitledi.
Şeýle-de, ylmy gözleg hytaý kartasynyň ýaşynyň “Ptolomeýiň ýyldyz katalogyndan” 200 ýyl uludygyny tassyklady. Alymlar şeýle kartalaryň diňe bir ylmy däl, eýsem medeni ähmiýete eýedigini belleýär.


düýn 14:38
2.6k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......