Garri Potter barada täze serial düşürmek üçin Angliýada mini-şäher gurulýar

  • 20.05.2025 10:45
  • 9.1k+

X sosial ulgamynda HBO-nyň “Garri Potter” serialyny düşürmäge taýýarlyk işlerinden ilkinji surat peýda boldy. Kadrda baş gahrymanyň çagalykda ýaşan ýeri bolan Privet Drive köçesindäki jaýlar görünýär. Suraty UnBoxPHD akkaunty paýlaşdy.

Serialy düşürmek üçin mini-şäherçe Uotforda (Angliýa) Warner Bros. Studios Leavesden studiýasynda gurulýar. The Sun neşiriniň maglumatlaryna görä, taslama 1 mlrd funt sterlinge (takmynan, $1,32 mlrd) düşer.
Şäherçede ýollar, köp derejeli awtoduralgalar, lukmançylyk merkezi, ýaş aktýorlar üçin mekdep we dekorasiýalary saklamak üçin angar göz öňünde tutuldy. Çeşmäniň aýtmagyna görä, Warner Bros. bu taslamany “peýdaly maýa goýum” hökmünde görýär. Hususy infrastrukturanyň döredilmegi serialy togtatmazdan düşürmäge mümkinçilik berer: çagalar şol ýerde okap biler, aktýorlar bolsa meýdançadan gitmeli bolmaz.
Gurluşygy ýakyn aýlarda tamamlamak meýilleşdirilýär, serial bolsa tomusda düşürilip başlanmaly. Ýakynda gahrymanlary ilkinji ýerine ýetirijiler yglan edildi.
Premýeranyň 2026-njy ýylyň ahyrynda ýa-da 2027-nji ýylda bolmagyna garaşylýar. Serial ýedi möwsümden ybarat bolar diýlip pikir edilýär.


21.06.2026 10:41
1.8k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....