Britaniýaly alpinist 19 gezek Ewereste çykyp, daşary ýurtlularyň arasynda rekord goýdy

  • 20.05.2025 10:31
  • 2.5k+

Britaniýaly alpinist Kenton Kul 19-njy gezek Ewereste çykyp, dünýäniň iň beýik depesine çykmagyň sany boýunça daşary ýurtlularyň arasynda täze rekord goýdy. Bu barada BBC we CNN habar berýär. Türgeniň özi hem Facebook sahypasynda depede alnan suraty ýerleşdirip, maglumaty tassyklady.

Kul çür depä alpinistler topary bilen bilelikde 18-nji maýda ýetdi.
51 ýaşly Kul ilkinji gezek Ewereste 2004-nji ýylda çykdy. Şondan bäri ol iň beýik depä yzygiderli, esasanam, maý aýynda, howa şertleri has gowy mahaly çykýar. Ýöne arakesmeler hem boldy. 2014-nji ýylda möwsüm harsaňyň netijesinde 16 şerp heläk bolandan soň ýatyryldy. 2015-nji ýylda depä çykmak ýertitremeler we soňraky birnäçe alpinistiň pidasyna getiren harsaň sebäpli bes edildi. 2020-nji ýylda Kul koronawirus pandemiýasy sebäpli çykmakdan saklandy.
Indi britaniýaly Ewereste 19 gezek çykan ýeke-täk daşary ýurtly boldy. Absolýut rekord eýesi nepally ýolbelet Kami Rita degişli. Ol bu depä 30 gezek çykdy we KHBS-iň maglumatlaryna görä, ýakyn günlerde 31-nji gezek synanyşyk etmäge taýýarlanýar.


düýn 22:32
1.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

16.06.2026 23:19
2.1k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.8k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....