Hytaýda domino stilinde “kart öýjagazyny” düzüp, ýykmak boýunça rekord goýuldy

  • 20.05.2025 10:33
  • 3.9k+

Hytaý topary Wang Lei's Domino World domino stilinde 51 725 oýun kartyndan konstruksiýa düzmek we ýykmak bilen Ginnesiň täze dünýä rekordyny goýdy. Bu barada zakon.kz portaly habar berýär.

Rekord üçin kartlary ýelden goraýan penjireler bilen ýörite ýapyk bina guruldy. Eýýäm Ginnesiň ýedi titulyna eýeçilik edýän topar kartlary logotipler we geometrik şekiller görnüşinde düzmek üçin 13 sagat sarp etdi. Konstruksiýalaryň daşynda emeli usulda taýfuna meňzeş şertler döredildi.
Rekordy birinji synanyşykda goýmak başartmady – birnäçe gezek konstruksiýa wagtyndan ir ýykyldy. Ahyrynda topar meýilleşdirilişi ýaly 51 725 kartyň ählisini üstünlikli ýykdy.
Netije domino stilinde ýykylan iň köp oýun kartlary hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda resmi taýdan hasaba alyndy.


düýn 22:32
1.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 11:17
3.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

düýn 10:28
1.1k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......