Netflix "Gears of War" oýnunyň esasynda film çykarar

  • 19.05.2025 18:18
  • 2.5k+

Netflix Gears of War wideo oýny esasynda doly göwrümli film çykarmagy meýilleşdirýär. Akym hyzmaty filmi surata düşürmek üçin “Kaskadýorlar”, “Gülleden ýyndam” (“Быстрее пули”) we “Dedpul 2” filmleriniň režissýory Dewid Leýtç bilen gepleşikleri geçirýär diýip, The Hollywood Reporter habar berýär.

Edebi esasyny öň Deni Wilnýow bilen “Dýunanyň” ekranlaşdyrylyşynyň üstünde işlän Jon Speýts ýazar. Leýtç bu taslamany aýaly we hyzmatdaşy Kelli Makkormik bilen birlikde özüniň 87North kompaniýasynyň üsti bilen amala aşyrar. Şeýle hem filmiň önümçiligine oýnuň döredijisi bolan The Coalition studiýasy goşular. Netflix entek şertnamanyň nähili baglaşyljakdygy barada teswir bermedi.
Gears of War - bu üçünji şahsyň adyndan çykyş edýän şuteriň seriýasy we Xbox-daky iň uly oýun franşizalarynyň biridir. Oýnuň sýužeti Sera planetasynda ýaýbaňlanýar, bu ýerde adamlar Çekirtge diýlip atlandyrylýan ýerasty süýrenijileriň topary bilen söweşýär. Baş gahrymanlar - seržant Markus Feniksiň ýolbaşçylygyndaky “Delta toparyň” söweşijileri.
Netflix filmi surata düşürmek hukugyny 2022-nji ýylyň noýabr aýynda aldy. Kompaniýa ilki doly göwrümli filmi, soň bolsa uly ýaşly tomaşaçylar üçin animasiýa serialyny çykarmagy meýilleşdirýär. Üstünlikli bolan ýagdaýynda, oýnuň äleminde täze taslamalaryň döremegi mümkin.


düýn 22:06
651

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.8k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......