Neýrobiolog: Nusgawy saz çyşyrymly meseläni çözmäge girişmezden ozal ünsüňi jemlemäge kömek edýär

  • 19.05.2025 18:15
  • 2.6k+

Nusgawy saz ünsüňi jemlemäge we işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga kömek edýär. Bu barada New York Post neşirine neýrobiolog we “Beýnä bähbitli iş ýeri: näme üçin zehinli adamlar işden çykyp gidýärler” kitabynyň awtory Friderike Fabrisius gürrüň berdi.

Hünärmeniň sözlerine görä, kyn wezipäni çözmäge girişmezden ozal her gezek şol bir sazy diňlemek peýdalydyr. Bu adat bolup galýar we güýjüňi herekete getirmäge kömek edýär.
Psihologiýa boýunça professor Erin Hennon, ünsüňi jemlemäge kömek edýän zadyň diňe bir nusgawy saz däldigini düşündirdi. Onuň sözlerine görä, haýal ýa-da orta depginli, öňünden aňyp bolýan ritmli we belent äheňli, şeýle hem, galmagalynyň we dissonansynyň derejesi aňrybaş pes bolan kompozisiýalary saýlamak has gowy. Ol sazda näçe bulam-bujarlyk az bolsa, şonça-da ünsi jemlemegiň ýeňil düşýändigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, laýyk gelýän kompozisiýalar her bir adam üçin dürlüçe bolup biler. Hemmäniň ünsüni jemlemäge deňine laýyk geljek saz žanry ýok" -diýip, Hennon sözüniň üstüne goşdy.
CSU Global-yň OnePoll kompaniýasy tarapyndan geçirilen pikirsoraşmalaryň netijesine görä, okaýarkaň saz diňlemek bilen ýetişigiň görkezijileriniň arasynda baglanyşyk bar. Sapak wagtynda saz diňleýän adamlaryň ortaça baly  köplenç 3,2-den ýokary bolýar.


düýn 20:00
903

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

düýn 17:07
667

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.8k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......