Karlos Alkaras finalda Ýannik Sinneri utup, Rimde “Mastersiň” çempiony boldy

  • 19.05.2025 14:49
  • 2.2k+

Ispaniýaly tennisçi Karlos Alkaras Rimde geçirilen “Masters” ýaryşynyň finalynda dünýäniň birinji raketkasy, italiýaly Ýannik Sinneri utdy. Ýaryşyň baýrak gaznasy 8 mln ýewrodan geçýär.

Duşuşyk 7:6 (7:5), 6:1 hasabynda dünýä reýtinginiň üçünji belgili tennisçisi Alkarasyň peýdasyna tamamlandy. Tennisçiler kortda 1 sagat 43 minut sarp etdi. Şahsy duşuşyklarda hasap ispaniýalynyň peýdasyna 7-4 boldy.
Alkaras 22 ýaşynda. Ol karýerasynda ýekelikde 19-njy titulyny gazandy. Şeýle-de, ol ýedinji “Masters” ýaryşynda we Rimdäki ýaryşlarda ilkinji gezek ýeňiji boldy.


şu gün 11:31
1.9k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.9k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......