Nolanyň “Odisseý” filmi başdan-aýak IMAX kameralarynda surata düşürilen ilkinji film bolar

  • 18.05.2025 16:39
  • 4.7k+

Kristofer Nolanyň “Odisseýi” tutuşlygyna IMAX kameralarynda surata düşürilen ilkinji film bolar. Bu barada Kann film festiwalynda IMAX-yň baş direktory Riçard Gelfond habar berdi. Collider onuň sözlerini getirýär.

Gelfondyň sözlerine görä, filmiň tutuşlygyna IMAX-da surata düşürilmegini Nolanyň hut özi isledi.

"Kris bu sözlerim üçin janymy alar" - diýip, kompaniýanyň baş direktory degişdi.

Tehniki çäklendirmeler: zarýad bermegiň wagty, ses we materiallary görmek bilen baglanyşykly kynçylyklar sebäpli bu çemeleşmäniň öň mümkin däl hasaplanyp gelendigini aýtdy.
Nolan öň “Gara rysar” (“Темный рыцарь”), “Dýunkerk”, “Esas” (“Довод”) we “Oppengeýmer” filmindäki esasy sahnalary surata düşürmek üçin IMAX kameralaryny ulanypdy.
“Odisseýiň” ilkinji görkezilişi 2026-njy ýylyň 17-nji iýulynda bolar. Film gadymy grek şahyry Gomeriň Troýa söweşinden soň öýüne gaýdyp gelýän Itakanyň şasy Odisseý hakyndaky epiki goşgusyna esaslanýar.
Filmde baş keşbi Mett Deýmon janlandyrar. Şeýle hem filmde Tom Holland, Zendeýa, Enn Heteueý, Robert Pattinson, Lupita Niongo, Şarliz Teron, Elliot Peýj, Jon Berntal we Mia Got dagy çykyş eder.
Film Sisiliýada, Beýik Britaniýada we Marokkoda surata düşüriler. Rowaýata görä, poemanyň gahrymany hut Sisiliýanyň kenarynda düşläpdir.
Insaýder Mett Belloniniň berýän maglumatlaryna görä, filmiň býujeti 250 million dollara ýetip biler, bu bolsa “Gara rysar: rowaýatyň gaýtadan dikelmegi” (2012) (“Темный рыцарь: Возрождение легенды”) filminiň býujeti bilen deňeçerdir.


21.06.2026 10:41
1.7k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....