NASA 20 ýyldan gowrak ozal öçürilen “Woýajer-1” zondunyň hereketlendirijilerini işletmegi başardy

  • 17.05.2025 19:40
  • 3.9k+

NASA-nyň inženerlerine 20 ýyldan gowrak wagt ozal öçürilen we häzire çenli düzedip bolmaýan hasaplanan “Woýajer-1” zondunyň ugrukdyryjy hereketlendirijileriniň işini dikeltmek başartdy.

2002-nji ýylda gyzdyryjylaryň öçürilmegi sebäpli olaryň işinde bökdençlik ýüze çykdy diýlip hasaplanypdy. Şol wagt bu alada döretmedi, çünki ätiýaçlykdaky hereketlendirijiler kadaly işläp durdy. Ýöne 2025-nji ýyla çenli resurslar gutardy diýen ýaly.
Bu ýagdaý 2025-nji ýylyň 5-nji maýyndan “Woýajere” buýruk ibermäge ukyply bolan Awstraliýadaky ýeke-täk DSS-43 antennasynyň abatlaýyş üçin wagtlaýyn togtadylmaly boljakdygy bilen kynlaşdy.
“Woýajer-1” Ýerden, takmynan, 25 mlrd km uzaklykda ýerleşýär. Oňa iberilýän buýruklar bir günüň dowamynda ýetýär we jogap almak üçin hem şonça wagt gerek bolýar. Ýalňyşlyklary çalt düzetmek mümkin däl.
Hut şonuň üçin inženerler öň öçürilen hereketlendirijileriň ýagdaýyny barlamak kararyna geldi. Hereketlendirijiler işledilmezden ozal ýangyjyň akmagyny üpjün etmek üçin gyzdyryjylary işjeňleşdirmeli boldy.
Eger gyzdyryjylar işlemedik bolsa, zond ugruny ýitirip bilerdi, bu hem hereketlendirijileriň ýangyjyň akmagyna garaşmazdan awtomatik işlemegine, netijede zeper ýetmek töwekgelçiligine getirerdi. NASA töwekgelçilik etdi we ähli zat asuda geçdi: buýruk iberilenden bir günden soň zond jogap berdi. Temperatura ýokarlandy, ýangyç gyzyp ýetişdi we hereketlendirijiler işläp başlady.
Şeýlelikde, “Woýajer-1” işe ukyply hereketlendirijileri we missiýany ýene birnäçe ýyl dowam etdirmek mümkinçiligini aldy.


şu gün 10:51
581

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

düýn 23:32
2.8k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....