Has uzyn, giň we kuwwatly täze Toyota bZ4X Touring çykdy. Geçýän menzili 560 km çenli

  • 17.05.2025 19:49
  • 7.4k+

Toyota kompaniýasy Touring ady bilen bZ4X elektrik krossoweriniň täze görnüşini hödürledi. Ol Ýewropa bazary üçin niýetlenip, uly göwrümi we amatlylygy bilen tapawutlanýar.

Model adaty bZ4X-den 140 mm uzyn we 20 mm beýik boldy. Şonuň netijesinde bagaž ýeriniň göwrümi, takmynan, 33% - 600 litre çenli ulaldy. Ikinji oturgyç hatary hem has giň boldy: beýik potolok, uly aýnalar.
Üçekde 70 kg agramy göterip bilýän reýling oturdyldy. Ulag tirkege 1500 kg çenli agramy alyp bilýär. Bu hem ony syýahatlar, kemping we goşmaça enjamlary daşamak üçin laýyk edýär.
Täzelenen bZ4X ýaly, täze wersiýa 74,7 kWt/sag sygymly akkumulýator bilen enjamlaşdyryldy. 224 at güýjüni berýän bir hereketlendirijili esasy wersiýa WLTP sikli boýunça 560 km çenli ýol geçip bilýär.
Iň ýokary wersiýa umumy kuwwaty 380 at güýji bolan iki hereketlendirijini, doly herekete getirijini we Toyota X-Mode ulgamyny aldy. Bu wersiýanyň takyk geçýän ýoly heniz habar berilmedi.
Wersiýalaryň ikisi-de 150 kWt çenli kuwwatly çalt zarýad berşi goldaýar. Bir hereketlendirijili wersiýa 11 kWt, doly herekete getirijili – 22 kWt zarýad gurluşy bilen üpjün edildi.
Daşky görnüşi boýunça Touring täze Subaru Trailseeker-i ýada salýar, ýöne has ýumşak dizaýny we C şekilli faralary bilen tapawutlanýar. Içinde uly multimedia ekrany we giň merkezi konsol bar.
Ýewropada satuw 2026-njy ýylyň birinji ýarymyna meýilleşdirilýär. Bahalar heniz belli däl. 


şu gün 08:16
980

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
4.7k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......