Toyota 375 at güýji we 420 km geçýän ýoly bilen bZ Woodland krossowerini çykardy

  • 17.05.2025 19:52
  • 8k+

Toyota kompaniýasy täze bz Woodland elektrik krossowerini anons etdi. Model syýahatçylara niýetlenip, doly herekete getiriji, umumy kuwwaty 375 at güýji bolan iki elektrik hereketlendirijisi we ýolsuz ýerden hereket etmek üçin X-Mode ulgamy bilen enjamlaşdyryldy.

Klirens – 210 mm. Bagaž ýeriniň göwrümi – 850 litr. Iň ýokary tirkeg agramy – 1587 kg. Goşmaça tölege bu model üçin agyr ýollara niýetlenen tekerler hem hödürlener.
Salonda öňdäki oturgyçlar gyzdyrmaly bolup, SofTex materialyndan taýýarlandy. Şeýle-de, iki simsiz zarýad beriji we alty dinamikaly audioulgam bar. Premium bukjada dokuz dinamikaly JBL audioulgamy, panorama üçegi, oturgyç wentilýasiýasy we infragyzyl gyzdyryjylar hödürlenýär.
Howpsuzlyk ulgamlarynyň arasynda Toyota Safety Sense 3.0 bar. Oňa adaptiw kruiz dolandyryş, zolakda saklamak we zolakdan çykylandygy barada duýduryş, pyýadalary tanamak bilen çaknyşmalaryň öňüni alyş ulgamy we faralaryň çyrasynyň awtomatik üýtgedilmegi girýär.
Krossower 150 kWt çenli kuwwatly zarýad berşi goldaýar. 10-dan 80%-e çenli zarýad 30 minut töweregi wagt alýar. Ulagyň bir zarýadda geçýän menzili 420 km barabar. Grip Control ýoluň kyn ýerlerinde durnuklylygy saklamaga kömek edýär.
Model 2026-njy ýylda ABŞ-da satuwa çykar. Bahalar heniz yglan edilmedi.


şu gün 08:16
670

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
4.7k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......