Dünýäniň elektromobil bazary soňky 4 ýylda tas üç esse ösdi

  • 17.05.2025 14:53
  • 3.3k+

Dünýäde elektromobil satuwy 2025-nji ýylyň ilkinji dört aýynda 5,6 mln ulaga ýetdi we bu 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 29% köpdür. Diňe aprel aýynda 1,5 mln elektrokar satyldy diýip, Rho Motion habar berýär.

Hytaýyň paýyna 3,3 mln awtomobil (+35%), Ýewropa – 1,2 mln (+25%), Demirgazyk Amerika – 0,6 mln (+5%), galan sebitlere – 0,5 mln (+37%) awtomobil düşdi.
EV Volume-yň maglumatlaryna görä, 2021-nji ýyldan 2024-nji ýyl aralygynda elektromobil bazary tas üç esse – 6,5 mln ulagdan 17,3 mln ulaga çenli ösdi. Statistikada hem arassa elektrik ulaglar, hem zarýad berilýän gibridler göz öňünde tutulýar.

Hytaý dünýä bazarynyň, takmynan, üçden iki bölegini eýeläp, satuwda we önümçilikde öňdebaryjylygy saklaýar. Ýewropa ikinji orunda durýar. Olar bilelikde global satuwyň, takmynan, 85%-ini emele getirýär. Galan paý ABŞ bilen beýleki sebitleriň arasynda paýlanýar.
Birnäçe uly awtomobil bazary okgunly tizlik bilen ösmegini dowam etdirýär. Hususan-da, 2025-nji ýylyň başyndan bäri şeýle ýokary depgin Germaniýada (+42%), Italiýada (+56%), Ispaniýada (+57%) we Beýik Britaniýada (+32%) hasaba alyndy. Fransiýada sarp edijiler üçin höweslendirmeleriň azalmagy sebäpli, tersine, pese gaçyş (-14%) bellendi.
Şu ýyl Demirgazyk Amerika bazary 5% ýokarlandy, esasan, Meksika hytaý importynyň ýokarlanmagy netijesinde çalt ösüşi görkezdi. ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň we Hytaýyň arasyndaky söwda ylalaşyklary wagtlaýynça nyrhlary gowşatdy, ýöne elektromobiller we ätiýaçlyk şaýlary üçin paçlar dowam edýär.
Elektromobillere geçmekde öňdebaryjylar Skandinawiýa ýurtlary, ilkinji nobatda, Norwegiýadyr. Ýerli hökümet 2025-nji ýylda benzin we dizel ulaglarynyň satuwyny gadagan etmegi meýilleşdiripdi, ýöne bu zerur bolmady: 2024-nji ýylyň jemi boýunça ýerli awtomobil bazarynda elektromobilleriň we zarýad berilýän gibridleriň paýy 90%-e golaýlady, 2025-nji ýylyň aprel aýyna çenli bolsa eýýäm 97%-den gowrak boldy.


29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......