Türkmenistan «Russia Halal EXPO» halkara sergisinde ykdysady kuwwatyny görkezýär

  • 17.05.2025 14:21
  • 3.5k+

Türkmenistan “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumynyň çäklerinde “Kazan EKSPO halkara sergi merkezinde geçirilýän “Russia Halal EXPO 2025” halkara sergisine gatnaşýar.

Serginiň maksady halal ulgamyny wagyz etmekden we onuň mümkinçiliklerini görkezmekden, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda, ykdysady, durmuş-medeni gatnaşyklary ýola goýmakdan, önüm öndürijilere öz önümlerini görkezmek, täze bazarlara çykarmak üçin mümkinçilikleri hödürlemekden ybaratdyr.
30 müň inedördül metr meýdanda Russiýa Federasiýasynyň subýektlerine we sebitlerine, daşary ýurtlara, wekilçilik edýän döwlet we işewürlik düzümleriniň pawilýonlary, şol sanda Türkmenistanyň hem milli pawilýony ýerleşýär. Bu ýerde ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň gazananlary we önümleri, şol sanda azyk harytlarynyň önümçiligi, oba hojalygy, senagat pudagy, hususan-da, ugurdaş enjamlaryň, gurluşyk we timarlaýyş serişdeleriniň, mebelleriň, halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiligidir hyzmatlar ulgamy, innowasion tehnologiýalar, maliýe hem-de maýa goýum mümkinçilikleri görkezilýär.
Şunuň bilen bir hatarda, sergi ulag-kommunikasiýa, saglygy goraýyş, bilim-ylym, syýahatçylyk, sport ýaly ulgamlarda öňdebaryjy işläp taýýarlamalar bilen tanyşmaga şert döredýär.

Ýurdumyzyň pawilýonynda ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň, şol sanda nebitgaz, himiýa, azyk, dokma senagatynyň önümleri, gurluşyk, timarlaýyş serişdeleri görkezilýär. Bu ýerde aýakgaplaryň, gön önümleriniň, beýleki senagat harytlarynyň nusgalary-da goýlupdyr. Önümçiligiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy hem-de sanly ulgama geçilmegi esasynda, ýurdumyzyň elektron senagaty okgunly ösýär. Sergide bu ulgamyň gazananlary elektron enjamlaryň dürli görnüşleri, kompýuter tehnikalarynyň nusgalary arkaly giňden beýan edilýär. Şeýle hem ulag-kommunikasiýa pudagy öz mümkinçiliklerini görkezýär.
Sergä gatnaşyjylar Türkmenistanyň sergi bölüminiň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdiler. Bu iri gözden geçiriliş ýurdumyzyň gazanýan uly üstünliklerini görkezýär hem-de gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.


şu gün 10:04
3.9k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

düýn 22:20
5.6k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.7k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......