Semizlige garşy meşhur «Ozempik» sanjymynyň tabletka görnüşi çykarylar

  • 17.05.2025 09:11
  • 6.9k+

Daniýaly «Novo Nordisk» farmasewtika korporasiýasy bilen «Septerna» amerikan biotehnologiýa kompaniýasy 2-nji görnüşli süýjüli diabete (süýji kesele) we semizlige garşy «Ozempik» sanjymynyň tabletka görnüşini çykarmagy meýilleşdirýärler. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär.

«Novo Nordisk» bu taslama 2,2 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär, emma «Septerna-nyň» roýaltileri (hukuk tölegleri) we geçiriljek synaglar sebäpli, umumy çykdajylar has ýokary bolar. Bu kararyň kabul edilmegine «Novo Nordisk-iň» ABŞ-daky bäsdeşi «Eli Lilly» kompaniýasynyň aprelde semizlik we süýjüli diabet üçin täsirli tabletka görnüşli serişdäni döredendigini yglan etmegi täsir etdi. Şol beýanatdan soň, «Novo Nordisk-iň» paýnamalarynyň bahasy 10% pese düşdi.
Umuman alanyňda, geçen ýylyň dowamynda daniýaly kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy 52% aşaklady. Sebäbi bazardaky maýa goýujylar «Ozempigiň» köp sanly alternatiwleriniň, şol sanda tabletka we kapsula görnüşleriniň peýda bolmagy bilen, onuň bäsdeşlige ukyplylygyna şübhe bilen garap başladylar. «Novo Nordisk» tabletka görnüşli alternatiwanyň işlenip düzülýändigini habar berensoň, «Septerna-nyň» paýnamalarynyň bahasy 63% ýokarlandy, «Novo Nordisk-iňki» bolsa 2,2% artdy.
«Ozempik» dünýäde semizligiň we 2-nji görnüşli süýjüli diabetiň bejergisi üçin ulanylýan serişdeleriň arasynda satuwy boýunça öňdeligi eýeleýär. Derman sanjym üçin ergin görnüşde çykarylýar we şpris-ruçka görnüşinde satylýar. Tabletkalar ulanmak, saklamak we daşamak üçin has aňsat hasaplanýar, şonuň üçin farmasewtika kompaniýalary derman serişdelerini şu görnüşe geçirmek isleýärler.


20.06.2026 12:08
7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......