Amerikaly zenan ýarym sagatlap öz saçyndan asylgy ýagdaýda durup, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 16.05.2025 16:47
  • 15k+

39 ýaşly amerikaly Leýla Nun ýeňsesinden boglan saçynda 25 minut 11,3 sekuntlap asylyp durdy we Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

Bu synanyşyk Kaliforniýadaky Redwud şäheriniň gözel görnüşli Milli we Döwlet seýilgähleriniň çäginde bellige alyndy. Gyz munuň üçin iki ýyl türgenleşdi.
Öňki rekord 23 minut 19 sekunt bolup, awstraliýaly adama degişlidi we 2011-nji ýylda goýlupdy.
Leýla dellekçi bolup işleýär. Ol ynsan aňynyň güýjüni görkezmek isleýändigini aýtdy. Synag wagtynda dostlary gitara çalmak bilen oňa goldaw berdiler.
Saçyndan asylan Nun göwresini birnäçe gezek dürli ýagdaýda üýtgetdi. Şeýle çykyşlara gatnaşýanlaryň, köplenç, saçlaryny öz daňyş usullary bar we Leýlanyň usuly netijeli bolup çykdy.
Sosial ulgamlarda müňlerçe abunaçy onuň durmuşyna syn edýär. Ol akrobatik tilsimleri ýerine ýetirýän we aýaklary bilen ýaý atýan suratlaryny hem-de wideolaryny internetde yzygiderli goýýar.


düýn 22:32
1.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 12:34
1.5k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......