TikTok AI Alive emeli aň funksiýasynyň kömegi bilen suratlary janlandyrmagy öwrendi

  • 16.05.2025 16:03
  • 2k+

TikTok sosial ulgamynda emeli aňyň esasynda täze TikTok AI Alive guraly peýda boldy. Ol adaty suratlary owadan effektler bilen gysga hereketli wideolara öwürmäge mümkinçilik berýär. Bu funksiýa eýýäm Stories bölüminde elýeterli bolup, platformanyň ulanyjylaryna öz döredijiligini görkezmek üçin täze mümkinçilikleri berýär.

Täze guralyň kömegi bilen ulanyjylar surata hereket, ses we dürli effektleri goşup, ony janlandyryp bilýär. Mysal üçin, ummanyň peýzažynyň suraty bulutlaryň asmanda ýüzýändigini, tolkunlaryň kenara çapýandygyny, Günüň batyşynyň bolsa kem-kemden asmanyň reňkini üýtgedýändigini görkezýän wideo öwrülip biler. TechCrunch köpçülikleýin selfiniň hem “janlandyrylyp” biljekdigini belleýär, şeýle ýagdaýda emeli aň suratdaky adamlaryň duýgularyny we ýüz keşbini görkezer.
Häzirlikçe funksiýa diňe Story Camera arkaly elýeterli – ulanyjy Stories albomyndan gerek suraty alyp, şondan soň redaktirleme ekranyndaky ýörite nyşanjygyň kömegi bilen AI Alive funksiýasyny işjeňleşdirip biler.
Bu guralyň kömegi bilen döredilen ähli wideolarda onuň EA tarapyndan döredilendigini görkezýän bellik bolar. Wideo ýerleşdirilmezden ozal birnäçe barlag tapgyryndan geçer: ulanyjy tarapyndan ýüklenen surat, tekst we ahyrky netije seljeriler.
Şeýle-de, ulanyjylar sosial ulgamyň düzgünlerini bozýan wideolar barada habar berip biler.
Bellenilişi ýaly, bu platformanyň suratlaryň esasynda kontent döretmek boýunça ilkinji tejribesidir, ozal diňe tekstiň esasynda döretmek mümkindi. Şeýle funksiýalar Instagram-da we Snapchat-da bar bolsa-da, hut TikTok ilkinji bolup suratlardan wideo döretmegiň doly derejeli guralyny hödürledi.


07.03.2026 17:10
873

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...

06.03.2026 12:05
2.6k+

GPT-5.4-de adatdan daşary pikirleniş režimi peýda bolar

GPT-5.4 modelinde çylşyrymly soraglary işlemek üçin ýörite režimiň peýda bolmagy mümkin. Bu barada "The Information" neşiri habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, şeýle tertipde model çylşyrymly logikany we jikme-jik seljermäni talap edýän meseleleri çözmek üçin has köp wagt we hasaplama serişdelerini ulanar...

27.02.2026 21:33
8.4k+

Google Nano Banana 2-ni tanyşdyrdy: 4K çözgüdi we Gemini-niň ähli bilimleri indi elýeterli

Google kompaniýasy özüniň täze Nano Banana 2 neýroulgamyny tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler bu täze önümi "şekillendiriş pudagynda iň döwrebap we ösen model" diýip atlandyrýarlar. Bu tehnologiýa ýakyn wagtda korporasiýanyň ähli serwislerine we hyzmatlaryna ornaşdyrylar...

21.02.2026 17:41
1.6k+

Gemini 3.1 Pro bäsdeşlerinden has akylly we ep-esli arzan bolup çykdy

Google kompaniýasy gysga jogap däl-de, çylşyrymly logiki pikirlenmegi talap edýän ýumuşlar üçin niýetlenen täze Gemini 3.1 Pro emeli aň modelini hödürledi. Model programmalary ýazmaga, ylmy barlaglar geçirmäge we hatda animasiýalary döretmäge-de ukyplydyr...