Patrik Makdauell «Şa zenany Ýelizaweta II» baýragynyň ýeňijisi boldy

  • 16.05.2025 15:46
  • 2.2k+

Britaniýaly dizaýner Patrik Makdauell dizaýn ugrunyň ösüşine goşan şahsy goşantlary üçin «Şa zenany Ýelizaweta II» baýragy bilen sylaglandy. Oňa baýragy Londonda ýerleşýän «180 Studios» studiýasynda geçirilen dabarada Britan moda geňeşi (BFC) tarapyndan Keýt Middlton gowşurdy. Bu barada «WWD» habar berýär.

Baýrak 2018-nji ýylda Şa zenany Ýelizaweta II tarapyndan esaslandyryldy. Ol moda ugrundaky üstünligi we durnukly ösüş babatda görkezýän liderligi üçin ýaş britaniýaly dizaýnerlere berilýär. Makdauellden öň bu baýragy diňe ýedi adam aldy: Riçard Kuinn, Betani Uilýams, Roş Mahtani, Priýa Ahluwaliýa, Sol Neş, Fodaý Dumbuýýa we Stiwen Stoki-Deýli.
Patrik Makdauell – Central Saint Martins kollejiniň uçurymy, Liwerpulda doglan, häzirki wagtda Londonda ýaşaýar we işleýär. Onuň esaslandyran brendi ekologiýa uly üns berýär: eşikler sargyt esasynda taýýarlanýar, geýimler üçin abatlaýyş we dikeldiş hyzmatlary hödürlenýär. Ol munuň bilen çäklenmän, beýleki durnukly başlangyçlara hem gatnaşýar, şol sanda Pinko italýan brendi bilen hyzmatdaşlyk edýär.
Şeýle hem dabarada, «BFC/GQ Designer Fashion Fund» baýragynyň finalçylary yglan edildi. Sanawa Bleue Burnham, Clothsurgeon, Harri, Labrum London we Sol Neş girýär. Ýeňijä 100 müň funt berler.
«FC/Vogue Designer Fashion Fund» baýragyna bolsa, nýu-ýorkly dizaýner Konner Aýwz mynasyp boldy.


23.03.2026 21:50
3.4k+

Burberry şa zenany Ýelizaweta II-niň 100 ýyllygyna bagyşlanan kolleksiýa çykardy

Beýik Britaniýanyň Burberry moda brendi şa zenany Ýelizaweta II-niň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan çäkli mukdardaky kolleksiýasyny hödürledi. Mahabat kampaniýasynyň suratlary markanyň sosial ulgamlarynda paýlaşyldy...

01.06.2026 17:04
2.3k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....