“Türkmengaz” we “Türkmennebit” DK “PETRONAS” we “ADNOC” kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşdy

  • 15.05.2025 10:08
  • 7k+

14-nji maýda Aşgabatda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarynyň, nebitgaz pudagynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň bu ugra degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri bilen halkara derejeli duşuşyk boldy. Duşuşyga Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy diýip, TDH habar berýär.

Duşuşykda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigi bellenildi.
Nygtalyşy ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerine ösen tehnologiýalar, täzeçil usullar, öňdebaryjy dünýä tejribesi işjeň ornaşdyrylýar. Şunda halkara derejede gatnaşyklaryň ösdürilmegine we özara tejribe alyşmaga uly ähmiýet berilýär. Bu bolsa degişli düzümlerde alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyna, häzirki zamanyň sanly tehnologiýalarynyň netijeli özleşdirilmegine giň ýol açýar. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Halkara duşuşygyň netijeleri boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň hem-de BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama, şeýle-de «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama gol çekildi.


08.06.2026 19:01
4.2k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...