Mumbaýda smartfonlardan we noutbuklardan ýygnalan ilkinji hindi ýaryş ulagy görkezildi

  • 14.05.2025 14:57
  • 7.6k+

Mumbaýda Envision Energy kompaniýasy Recover-E ulagyny hödürledi. Bu Hindistanda doly elektron galyndylardan döredilen ilkinji ýaryş elektrokarydyr. Awtomobil köne smartfonlardan, noutbuklardan we planşetlerden ýygnaldy.

Taslama Ýer güni mynasybetli “Biziň energiýamyz, biziň planetamyz” kampaniýasynyň çäklerinde EARTHDAY.ORG bilen bilelikde döredildi.
Bu dünýäde şular ýaly ikinji we Aziýada birinji elektrokardyr. Recover-E galyndylary peýdaly çeşmä öwrüp, aýlawly dizaýny görkezýär. Envision Energy-nyň wekilleri taslamanyň tehnologiýalar bilen ekologiýa taýdan arassa ösüşi birleşdirýändigini belledi.
Tanyşdyrylyş çekeleşmeler bilen geçdi we bu ýerde žurnalistler, aktýorlar we ekologlar çykyş etdi. Prajna  Duttuň aýdym-saz çykyşy adamyň tebigat bilen arabaglanyşygyny görkezdi.
Recover-E diňe bir konsept bolman, eýsem Hindistanda elektron galyndylary meselesini çözmäge tarap ädimdir. Taslama inženerlik pikirleriniň we döredijiligiň ekologiýa bolan çemeleşmäni nähili üýtgedip biljekdigini görkezýär.


05.09.2025 10:38
3.9k+

Tesla-nyň Hindistandaky satuwy ýöremedi. 2,5 aýda bary-ýogy 600 sargyt kabul edildi

Tesla kompaniýasynyň hindi bazaryna çykmagy garaşylan tamany ödemedi. Iýun aýynyň ortalarynda satuw başlany bäri kompaniýa bary-ýogy 600 sargyt kabul etdi, bu bolsa meýilnamadan ep-esli azdyr. Bloomberg-iň maglumatlaryna görä, ilkibaşda Tesla ýyl üçin meýilleşdiren 2500 awtomobiliniň ählisini satmagy göz öňünde tutupdy...

28.08.2025 07:15
7.6k+

Mercedes-AMG GT XX 7 günde Ýeriň daşyna aýlanyp, 25 rekord goýdy

18-nji awgustdan 25-nji awgust aralygynda Mercedes-AMG GT XX-iň prototipleri 7 gün, 13 sagat, 24 minut, 7 sekuntda Italiýanyň Nardo synag ýolunda 40 075 kilometr geçdi. Bu Ýeriň daşyndan bir aýlaw etmek bilen deňdir...

21.08.2025 16:12
9k+

Hindistanda Toyota Camry-nyň täze görnüşi – Sprint Edition hödürlendi

Hindistanda 4,85 mln rupiýa (takmynan, 55,4 müň dollar) baha bilen täze Toyota Camry Sprint Edition hödürlendi. Bu görnüş Elegance wersiýasyna esaslanýar we goşmaça töleg talap etmeýär. Ulagyň tehniki taraplary öňküligine galdy, üýtgeşmeler diňe daşky görnüşe we interýeriň bezeg elementlerine degişlidir...

06.07.2025 14:41
6.6k+

Hindistanda 275 ýewro bahadan köpçülikleýin elektrokar çykaryldy

Hindistanda dünýäde iň elýeterli elektromobil bolan Yakuza Mini Electric Car-yň satuwy başlandy. Onuň bahasy 275 ýewro barabar. Ykjam ulag şäher şertleri üçin niýetlenip, eýýäm ýurtdan daşary hem ünsi çekdi. Ol resmi şahadatnama aldy we konsept hökmünde däl-de, yzygiderli çykarylýar...