Tata dünýäniň iň arzan awtomobilleriniň biriniň täzelenen görnüşini çykardy

  • 23.05.2026 20:38
  • 4.9k+

Hindistanyň Tata kompaniýasy dünýäniň iň elýeterli modelleriniň biri hasaplanýan Tiago hetçbeginiň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy. Awtomobiliň doly göwrümli resmi premýerasy 28-nji maýda meýilleşdirilýär.

Tiago modeliniň häzirki wagtda satuwdaky wersiýasynyň bahasy, takmynan, 4800 dollardan başlanýar. Kompaniýa bu täze ulagy geljekki nesliň modeli diýip atlandyrsa-da, hakykat ýüzünde gürrüň diňe bir restaýling barada gidýär.

Hödürlenen suratlardan görnüşi ýaly, üýtgeşmeler, esasan, awtomobiliň daşky keşbine degişlidir. Hetçbek has inçe faralary, ykjam radiator gözenegini, öwrüm görkezijileri goşulan täze gapdal aýnalaryny, birleşdirilen yzky faralary we 15 dýuýmlyk tigir disklerini aldy. Daşyndan seredeniňde, täze model ýewropa awtomobillerini, aýratyn-da, Opel Corsa modelini ýatladýar.

Ulagyň salonynyň suratlary entek resmi taýdan neşir edilmedi. «Carscoops» neşiriniň berýän maglumatyna görä, täzelenen Tiago öz taryhynda ilkinji gezek ozal Tata Punch krossowerinde ulanylan töwerekleýin syn ediş kamerasyna eýe bolar. Şeýle hem awtomobilde sanly enjam paneline we ekranynyň ölçegi 10,25 dýuým bolan multimedia ulgamyna garaşylýar.

Ulagyň iň ýönekeý üpjünçiliginde öňki iki sany howpsuzlyk ýassygynyň deregine indi altysy bolar.

Öndüriji tarapyndan ulagyň tehniki häsiýetnamalary entek doly aýan edilmedi. Ýöne hereketlendirijileriň öňküligine galjakdygy çaklanylýar. Häzirki wagtda bu model 85 at güýjüne barabar bolan 1,2 litrlik benzin hereketlendirijisi, 75 at güýjündäki iki dürli ýangyçly wersiýasy, şeýle-hem doly elektrikleşdirilen görnüşi bilen hödürlenilýär.


düýn 08:19
1.9k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

düýn 01:38
5.7k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
10k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

10.06.2026 11:18
5.1k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......