Bred Pitt we Hawýer Bardem bilen “F1” filminiň täze treýleri çykdy

  • 14.05.2025 14:52
  • 3.3k+

Apple TV YouTube kanalynda režissýor Jozef Kosinski tarapyndan düşürilen “F1” sport dramasynyň ikinji treýleri peýda boldy. Filmde baş keşpleri Bred Pitt we Hawýer Bardem ýerine ýetirdi. Film 25-nji iýunda dünýä prokatyna çykar.

Bred Pitt “Formula-1-iň” öňki ýaryşa gatnaşyjysy Sonni Heýsi oýnady. Ol 90-njy ýyllarda heläkçiligi başdan geçirýär. Ençeme ýyllardan soň, ýaş sürüji Joşua Pirsi türgenleşdirmek üçin dolanyp gelýär. Onuň keşbini Damson Idris ýerine ýetirdi.
Ssenarini Jozef Kosinski we Eren Krýuger ýazdy. Prodýuserleriň arasynda “Formula-1-iň” ýedi gezek çempiony Lýuis Hemilton bar. Film üçin aýdym-sazy Hans Simmer, Ed Şiran we Burna Boy döretdi.
Film hakyky ýaryş ýollarynda düşürildi. Kosinski awtosportyň hakyky taryhyny görkezmek isländigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, topar tomaşaçylaryň bolidleriň tizligini doly duýup bilmegi üçin “Top Gan: Mewerikde” ulanylan tehnologiýalary kämilleşdirdi.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......