Günde iň ýokary derejeli alawlama hasaba alyndy

  • 14.05.2025 13:41
  • 6.9k+

13-nji maýda Günde X1.2 derejeli alawlama bolup geçdi. Bu soňky bir ýarym aýda şeýle derejeli ilkinji hadysadyr diýip, Kosmos gözlegleri institutynyň we Gün-Ýer fizikasy institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi.

Soňky gezek iň ýokary derejeli alawlama (X2.0) 28-nji martda boldy.
Teleskop maglumatlaryna görä, hadysa Aşgabat wagty bilen 20:38-de Gün diskiniň günbatar çetinde bolup geçdi, hadysanyň bir bölegi bolsa gözýetimiň aňyrsynda boldy. Häzir alawlamadan gelýän radiasiýa eýýäm azalýar, onuň ýüze çykmagyna sebäp bolan işjeň merkez bolsa tiz wagtdan Günüň görünýän tarapyndan ýiter.
Alawlama koronal massanyň uly möçberde zyňylmagy bilen bolup geçdi, ýöne ol Ýeriň garşysyna gönükdirilen. Şonuň üçin hünärmenler geomagnit tupanlarynyň bolmak mümkinçiligini aradan aýyrýar. Zarýadlanan bölejikleriň akymy Ýere golaý giňişlige ýetip biler, ýöne olar diňe hemralar üçin howp döredýär.


22.03.2026 16:34
4.1k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.5k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8.2k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

05.03.2026 07:02
5k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...