Marsyň jümmüşinde uly kölüň gizlenip ýatandygy anyklandy

  • 14.05.2025 11:25
  • 9.3k+

Halkara alymlar topary Marsyň jümmüşinde suwuk suwly kölüň bardygynyň subutnamalaryny tapdy. Bu barlagy Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Geologiýa we geofizika institutynyň, Awstraliýanyň milli uniwersitetiniň we Milanyň Bikokka  uniwersitetiniň hünärmenleri geçirdi. Netijeler EurekAlert portalynda çap edildi.

Alymlar NASA-nyň InSight seýsmometri tarapyndan ýazga alnan meteorit zarbalaryndan we mars titremelerinden döreýän seýsmiki tolkunlary seljerdiler. 5,4–8 km çuňlukda suwuk suwuň bolup biljekdigini görkezýän haýal süýşýän tolkun tizligi anomaliýasyny tapdylar. Planeta boýunça deň paýlansa, suw gatlagynyň galyňlygynyň 520-780 metr bolup biljekdigi çaklanylýar.
Barlagçylar netijeleriň InSight gonuş modulynyň astyndan alnan maglumatlara esaslanandygyny anykladylar. Açyşy tassyklamak üçin goşmaça missiýalaryň guralmagy zerurdyr. Alymlar milliardlarça ýyl ozal Marsyň suw bilen örtülendigini, ýöne takmynan 3 milliard ýyl ozal Amazon diýilýän döwürde onuň ýitirim bolandygyny ýatladylar.
Ondan öň Perseverance mars roweri gadymy suwuň yzlaryny tapypdy. Alymlar Gyzyl planetanyň üstki gatlagynyň astyndaky dürli çuňluklarda mineral emele geliş prosesleriniň bolup geçendigini kesgitlediler. Bu hem suwuň Mars jynslaryna çuňňur aralaşandygyny tassyklaýar.


düýn 12:01
3.9k+

Nemes alymlary kepderileriň bagryndaky tebigy GPS-kompasyň syryny anykladylar

Germaniýanyň Bonn we Duýsburg-Essen uniwersitetiniň gözlegçileri kepderilerdir gögerçinleriň bagyrda ýerleşen hem özünde demir saklaýan ýörite immun ulgamynyň öwüşginleri arkaly Ýeriň magnit meýdanyndan ugur......

31.05.2026 20:50
8.8k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

31.05.2026 13:26
1.5k+

Ýapon alymlary ýeke-täk atoma esaslanýan kwant kamerasyny döretdiler

Ýaponiýaly fizikler kwant mikroskopunyň esasy hökmünde ýeke-täk rubidiý atomyny ulanýan täze wizualizasiýa usulyny işläp düzdüler. Ýaponiýanyň Döwlet tebigy ylymlar institutynyň habar bermegine görä, «atom......

31.05.2026 13:04
5.7k+

Fizikler altynyň «ebedi lowurdysynyň» syryny açdy we ony soldurmagyň usulyny tapdy

Altynyň ony naýbaşy şaý-sep metalyna öwürýän himiki passiwligi uzak wagtlaryň dowamynda ylym üçin syr bolup galdy. Tuleýn uniwersitetiniň (ABŞ) alymlar topary ilkinji gezek altynyň okislenmäge bolan täsin......