Apple-iň 2027-nji ýyl üçin meýilnamalary: eplenýän iPhone, akylly äýnek we ... öý roboty

  • 14.05.2025 11:14
  • 3.2k+

Apple-iň 2027-nji ýyl üçin uly meýilnamalary bar, kompaniýa düýpgöter täze önümleri çykarmagy meýilleşdirýär, olar eplenýän iPhone, Apple Glass akylly äýnegi we öý roboty.

Bloomberg-den Mark Gurmana salgylanýan Appleinsider-iň habar bermegine görä, esasy täze önüm köpden bäri garaşylýan eplenýän iPhone Fold bolar. Smartfon epin ýeri görünmeýän ekrany alar, epin ýeriniň görünmegi şeýle enjamlaryň esasy meselelerinden biridir. Içki displeýiň diagonaly 7,8 dýuým, daşky görnüşiňki - 5,5 dýuým bolar. Takmynan bahasy 2300 dollar töweregi bolar. Mundan başga-da, iPhone X-yň 10 ýyllygy mynasybetli ekranynyň aşagy kameraly we täze, üýtgeşik dizaýnly tutuş diýen ýaly çüýşeden durýan smartfon çykar.
Apple Glass äýnegi kameralar, ses ulgamy we ses kömekçisi bilen enjamlaşdyrylar. Enjamyň 2026-njy ýylyň aýagyndan soň çykmagyna garaşylýar we Meta Reý-Ban-a meňzeş bolar. Bu äýnek Vision Pro-nyň ýönekeýleşdirilen alternatiwasy bolar we gündelik ulanmak üçin dörediler. Gurmanyň maglumatyna görä, ol daşky gurşawy seljermäge we ulanyjynyň soraglaryna jogap bermäge ukyply Apple Intelligence funksiýasyny alar. Şeýle hem äýnek ýörite çip bilen üpjün ediler.
Şeýle hem bu kompaniýa Siri-ni kämilleşdirmegiň üstünde işleýär. Vision Pro-ny işläp taýýarlan topar ChatGPT derejesindäki AI modellerini durmuşa ornaşdyrar. Bu kömekçä has takyk we jikme-jik jogap bermäge mümkinçilik berer. Mundan başga-da, Apple AI hasaplamasyny çaltlaşdyrmak üçin täze serwer prosessorlaryny hem işläp taýýarlaýar.
Mehaniki goly bolan öý roboty iň garaşylmadyk işläp taýýarlama bolup biler. Şeýle-de bolsa, taslama entek başlangyç tapgyrda we onuň 2027-nji ýylda çykjagyna  kepil ýok. Gurman, Apple Car bilen bolşy ýaly, Apple -iň käbir meýilnamalaryny gaýra goýup ýa-da ýatyryp biljekdigini belleýär.


16.05.2026 11:20
4k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...