Türkiýede AirCar uçýan awtomobiliniň ilkinji adamly uçuşy geçirildi

  • 14.05.2025 11:09
  • 5.9k+

AirCar kompaniýasy adamyň gatnaşmagynda iki orunlyk uçýan awtomobiliniň ilkinji synagyny geçirdi. Uçuş 35 km/sag-dan gowrak ýel tizliginde we 8 metr belentlikde amala aşyryldy diýip, Anadolu agentligi habar berýär.

Kompaniýanyň beýanyna görä, 2020-nji ýyldan bäri Bilişim Vadisi tehnoparkynda bir we iki orunlyk elektrik dik uçuş we gonuş enjamlarynyň (eVTOL) modelleri işlenip taýýarlanýar. Ýerli önümçilik derejesi 85%-e ýetdi. Ilkinji adamly uçuş üstünlikli tamamlandy.
Synag heniz aprel aýynyň başynda geçirildi. AirCar-yň esaslandyryjysy we baş direktory Eraý Altunbozar ilkibaşda bir orunlyk prototipde uçdy, soňra iki orunlyk modele geçip, ýolagçyly ilkinji uçuşy amala aşyrdy. Uçuş 10 minut töweregi dowam etdi.
Altunbozaryň aýtmagyna görä, indiki maksat önümçilik zawodyny döretmekden we köpçülikleýin önümçilige geçmekden ybarat.

“Häzirki günde biz eVTOL-yň adamly uçuşyny amala aşyran dünýä kompaniýalarynyň bäşligine girýäris” – diýip, ol belledi.

Iki orunlyk AirCar bilelikdäki we awtonom uçuşlar üçin niýetlenýär. Geçýän menzili – 50-80 km, ýük göterijiligi – 200 kg. Ol dikuçardan bäş esse sessiz bolup, hyzmat üçin on esse az çykdajy talap edýär. 


09.11.2025 20:23
7.4k+

Türkiýede 5000 ýyl mundan ozal bolup geçen ýertitremesiniň yzlary tapyldy

Çanakkale uniwersitetiniň arheologlary Türkiýäniň günorta-gündogaryndaky gadymy Çayönü Depesi oturymly ýerinde takmynan 5000 ýyl mundan ozal bolup geçen ýertitremesiniň yzlaryny ýüze çykardylar. Barlagyň netijeleri Arkeonews žurnalynda neşir edildi...

24.09.2025 11:14
5.1k+

Arheologlar: Gadymy adamlar Afrikadan Ýewropa häzirki Türkiýäniň üsti bilen baran bolup biler

Arheologlaryň çaklamalaryna görä, gadymy adamlar Afrikadan Ýewropa häzirki Türkiýäniň çäginden geçip baran bolup bilerler. Bu barada Aýwalygyň (Türkiýede kenarýaka şäher) kenarynda tapylan 138 sany daş gurallary maglumat berýär...

02.08.2025 15:35
7.6k+

Türk Çaýönüsinde ýaşy 12 müň ýyldan gowrak bolan gadymy desgalar tapyldy

Arheologlar Türkiýäniň günorta-gündogarynda ýaşy 12 müň ýyldan gowrak bolan täze desgany tapdylar. Bu barada Arkeonews habar berdi. Gazuw-agtaryş işleri Çanakkale şäherindäki 18-nji mart uniwersitetinden dosent Sawaş Sarialtunyň ýolbaşçylygynda Çaýönü depesinde alnyp barylýar...

09.07.2024 21:46
2.3k+

Türkiýäniň aragatnaşyk hemrasy Kanaweral burnundan kosmosa iberildi

Floridanyň (ABŞ) Kanaweral burnundaky kosmodromdan Türkiýäniň Türksat 6A aragatnaşyk hemrasy uçuryldy. Uçuryş SpaceX kompaniýasy tarapyndan Falcon 9 raketa göterijisiniň kömegi bilen amala aşyryldy diýip, Anadolu...