Robotlara programmirleme däl-de, mehanikanyň kanunlary boýunça işlemek öwredildi

  • 14.05.2025 11:16
  • 2.4k+

Seul milli uniwersitetinden we Garwarddan ylmy gözlegçileriň topary datçik, algoritm we merkezi dolandyryş bolmazdan hereket edip bilýän robotlary döretdi. Science Advances žurnalynda beýan edilen täze ulgam link-botlar adyny aldy. Olaryň hereketi balyklar toparynyň we guşlar sürüsiniň tebigy hereketinden ugur alýar.

Link-botlar V şekilli baglanyşyklar bilen birleşdirilen kese aýaklary bolan 3D çap silindrlerinden ybarat. Bu silindrler diňe daşky wibrasiýanyň kömegi bilen hereket edýär. Esasy innowasiýa, olar programmalar bilen däl-de, V baglanyşyklarynyň geometriýasy bilen dolandyrylýar. Ýagny, baglanyşyklaryň birleşme burçuny ýa-da onuň berkligini üýtgetseň, robotyň tutuş hereketi-de üýtgeýär. Haçan-da olar diwar ýaly päsgelçilik bilen çaknyşanda, olar öz hereketini awtomatik üýtgedýär: diwar bilen ugurdaş hereket edip başlaýar ýa-da ugruny üýtgedýär.
Synaglarda link-botlar dar geçelgelere girmegi, predmetleri daşamagy we özara hereket etmegi başardy: bilelikde ýükleri süýşürdi ýa-da birek-birege päsgelçilikden geçmäge kömek etdi.
Robotlar toparyndan tapawutlylykda, olara simsiz aragatnaşyk ýa-da indiwidual dolandyryş gerek däl. Alymlar baglanyşyklaryň parametrlerini: uzynlygyny, birleşme burçuny we ş.m. üýtgetmek bilen ulgamyň özüni alyp barşyny çaklamak üçin hasaplaýyş modelini ulanýar.
Şeýle robotlar ýükleri eltmek, gözegçilik ýa-da adatdan daşary ýagdaýlar üçin ulanylyp bilner. Link-botlar dürli materiallardan ýasalyp biler. Indiki ädim daşky şertleriň täsiri bilen öz parametrlerini üýtgedýän adaptiw baglanyşyklary döretmekden ybarat.


13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

07.06.2026 19:44
1.2k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

31.05.2026 22:44
4.6k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......

24.05.2026 17:05
4.7k+

NASA Aý gijesiniň adatdan daşary aýazyna döz gelip biljek ulgamy synagdan geçirýär

NASA Aý gijesiniň iki hepdeläp dowam edýän adatdan daşary pes temperaturalarynda işjeňligini saklap biljek "Lunar Environment Monitoring Station" (LEMS) ulgamyny synagdan geçirýär....