WSJ: Apple täze iPhone-laryň bahasyny galdyrar

  • 14.05.2025 10:29
  • 2.9k+

Apple kompaniýasy 2025-nji ýylyň güýzünde tanyşdyryljak täze iPhone modelleriniň bahasyny ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada çeşmelerine salgylanyp, 12-nji maýda «The Wall Street Journal» gazeti habar berdi.

Enjamlarynyň köpüsiniň Hytaýda ýygnalýandygyna garamazdan, Apple bahalaryň ýokarlandyrylmagyny ABŞ-nyň Hytaýdan getirilýän harytlara salan gümrük paçlary bilen baglanyşdyranok. Neşiriň maglumatlaryna görä, kompaniýa bahalaryň ýokarlanmagyna sebäp hökmünde, täze aýratynlyklaryň we dizaýnda üýtgeşmeleriň peýda bolmagyny gözkezer.
«WSJ-niň» ýazmagyna görä, täze modelleriň biri örän inçe korpusly bolar we ol iPhone 16 Plus modeliniň ornuny tutar.
Söwda çäklendirmeleri başlamanka, Apple önümçiliginiň bir bölegini eýýämden Hindistana geçirmäge başlapdy. Emma çeşmeleriň bellemegine görä, Pro we Pro Max ýaly ýokary derejeli modeller Hytaýda ýygnalmaga dowam eder. Hindistanda beýle modelleriň köpçülikleýin önümçiligini ýola goýmak entek mümkin däl. Şeýle-de önümçiligiň bir bölegini ABŞ-a geçirmek mümkinçiligi hem göz öňünde tutulýar, emma bu proses birnäçe ýyla çekip biler.
Täze iPhone hatary, adatça bolşy ýaly, güýz paslynda tanyşdyrylar. Häzirki wagtda ABŞ-da iPhone 16 modeliniň bahasy 799 dollardan, iPhone 16 Pro Max-yňky bolsa 1199 dollardan başlaýar.
Apple-yň ýolbaşçysy Tim Kuk ozal ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky gümrük paçlarynyň şu çärýekde kompaniýa goşmaça 900 million dollar çykdajy getirmegine we indiki çärýeklerde bu mukdaryň has-da artmagyna garaşylýandygyny aýdypdy.
12-nji maýda ABŞ bilen Hytaý häkimiýetleri gümrük paçlaryny özara 90 gün möhlet bilen peseltjekdiklerini mälim etdiler. 14-nji maýdan başlap, Waşington nyrhlary 145%-den 30%-e çenli, Pekin bolsa 125%-den 10%-e çenli peselder.


düýn 09:37
3.4k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.2k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.7k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....