Magtymguly etrabynda «Berkarar döwletiň ylham joşguny» we «Owadan ýazuw» bäsleşikleriniň ýeňijileri sylaglanyldy

  • 13.05.2025 13:11
  • 8.9k+

Ýakynda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky “Magtymguly Pyragy” muzeýiniň mejlisler jaýynda «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly şygryýet bäsleşiginiň hem-de «Owadan ýazuw» atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Guramaçylar tarapyndan bäsleşigiň ýeňijilerine gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary dabaraly gowşuryldy.
Şeýlelik-de, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Nesil» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden bäsleşigine 100-den gowrak döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň hödürlän eserinden 32 sanysy eminler topary tarapyndan saýlanyldy.
Bäsleşigiň netijesine görä:

Baş baýraga - Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy Kakajan Çaryýarow eýe boldy.

  • I orna - Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 3-nji ýyl talyby Atamyrat Ýazweliýew; Mary welaýatynyň Mary şäheriniň ýaşaýjysy Wepa Pirnepesow we Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň ýaşaýjysy Söhbet Orazmuhammedow dagylar mynasyp boldular.
  • II orna - Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby Muhammetnur Mahtumow, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň ýaşaýjysy Mekan Hümmedow, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň 1-nji ýyl talyby Şagül Dowadowa; Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň ýaşaýjysy Aýsapar Emelowa, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy Nurmuhammet Haşyrow we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň magistranty Çeper Nazargylyjowa dagylar eýelemegi başardylar.
  • III orna - Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň ýaşaýjysy Gerçeknazar Amannazarow; Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň ýaşaýjysy Süleýman Tekäýew; Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň ýaşaýjysy Ogulgurban Jumaýewa; Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 3-nji ýyl talyby Mährijemal Nowruzowa; Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky 13-nji orta mekdebiniň mugallymy Şöhrat Myradow; Türkmen döwlet maliýe institutynyň 3-nji ýyl talyby Selbi Atajanowa hem-de Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň ýaşaýjysy Serdar Açylow dagylar mynasyp boldular.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Biznes reklama» gazetleriniň redaksiýasynyň bilelikde gurnamagynda geçirilen «Owadan ýazuw» atly bäsleşiginiň netijelerine görä:

Baş baýraga - Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Parahat Batyrow mynasyp boldy.

  • I orna - Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Keseýap geňeşliginiň ýaşaýjysy Çynar Azadowa, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyby.
  • II orna – Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky 12-nji orta mekdebiň okuwçysy Gülsenem Mätgurbanowa; Mary welaýatynyň Şatlyk şäherçesindäki takyk we tebigy ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiň okuwçysy Şirin Amansähedowa; Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Ýyldyz Daniýarowa we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Gülnara Myradowa eýelemegi başardylar.
  • III orna - Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiň okuwçysy Aýläle Akmyradowa; Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Gülşirin Soltanowa we Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap hassahanasynyň Änew şäher Maşgala lukmanlar bölüminiň lukmany Maýa Garlyýewa dagylar mynasyp boldular.


düýn 20:05
1.4k+

Türkmenistan Minsk şäherindäki kitap ýarmarkasynda milli pawilýonyny tanyşdyrdy

Türkmenistanyň ilçihanasy 17-nji martda açylan XXXIII Minsk halkara kitap sergi-ýarmarkasynda milli pawilýonyny tanyşdyrdy. Bu barada Orient habarlar agentligi habar berýär. Şu ýyl bu forum Belarusyň paýtagtynyň administratiw toplumynda geçirilýär we oňa 23 ýurtdan 500-e golaý gatnaşyjy ýygnandy...

düýn 15:33
2k+

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti ilkinji gezek hususy pudagyň sergisine gatnaşýar

Türkmenistanyň Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti ilkinji gezek döwlete dahylsyz pudagyň sergisine gatnaşýar. 2025-nji ýylda döredilen bu ýokary okuw mekdebi sergidäki diwarlygynda ýaş telekeçileriň geljegi uly taslamalaryny we uniwersitetiň gazanan üstünliklerini myhmanlara tanyşdyrýar...

17.03.2026 19:39
6.2k+

Türkmenistanda Nowruz baýramy günlerinde goşmaça awtobus gatnawlary ýola goýlar

21-22-nji martda bellenilýän Halkara Nowruz güni mynasybetli Türkmenistanda ýolagçylar üçin goşmaça awtobus gatnawlary guralar. «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ baýramçylyk günlerinde ýolagçy islegleriniň artmagyny nazara alyp, Aşgabatdan Türkmenbaşy, Mary, Baýramaly we Ýolöten şäherlerine goşmaça şäherara gatnawlarynyň işe giriziljekdigini habar berdi...

16.03.2026 23:40
17k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk günleri baradaky Permana gol çekdi

2026-njy ýylyň 16-njy martynda Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow Oraza baýramyny bellemek we Milli bahar baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi...