Täze MAN ýük ulagy BMW-niň zawodlarynyň arasynda üstünlikli synagdan geçdi

  • 13.05.2025 12:21
  • 6.7k+

Täze «MAN eTGX» ýük ulagy Germaniýanyň Leýpsig we Regensburg şäherindäki BMW zawodlarynyň arasyndaky gatnawda üstünlikli synagdan geçip, uzak aralyga ýük daşamak üçin amatlydygyny subut etdi. Kuwwaty 544 at güýjüne çenli bolan elektrikli ýük ulagy her 100 kilometre bary-ýogy 75 kWt-sagat energiýa sarp edýär we 500 km çenli aralygy geçip bilýär. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär.

BMW bilen hyzmatdaşlyk edýän Elflein logistika kompaniýasy geljekde öz awtoparkyny tutuş elektrikli ulaglara geçirmegi meýilleşdirýär. Şeýlelikde, kömürturşy gazynyň bölünip çykarylyşy ýylda 3 müň tonna çenli azaldylar. «MAN eTGX» bu geçişiň möhüm bölegi bolup, kuzow detallary ýaly uly ölçegli ýükleriň daşalmagynda ýokary çeýelik mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar.
375 kWt-a çenli tiz zarýad bermek mümkinçiligi we elektromobil infrastrukturasynyň kämilleşmegi bilen, «MAN eTGX» durnukly we ekologiýa taýdan arassa logistika ugrunda ösýän tendensiýanyň bir bölegi bolup durýar. Elektrikli ýük ulaglarynyň ulanylmagy daşky gurşawa ýetýän täsiri ep-esli azaldýar we ýükleriň daşalyşyny has netijeli guramaga ýardam berýär.
MAN we BMW kompaniýalary logistika ulgamynda elektrifikasiýany işjeň ösdürýärler. «MAN eTGX» eýýämden ýokary netijelilik we tygşytlylyk babatynda özüni subut etdi. Bu innowasiýalar ekologiýa taýdan arassa ulaglara we durnukly daşamalara geçiş döwrüniň golaýlaşýandygyny tassyklaýar.


18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......