Tesla ulanylan Model 3 we Model Y awtoulaglaryny 257 müň km-e çenli kepillik bilen hödürleýär

  • 13.05.2025 12:22
  • 3k+

Tesla ulanylan «Model 3» we «Model Y» elektromobillerini giňeldilen kepillik bilen satuwa çykardy. Kompaniýa batareýa we hereketlendiriji ulgamy üçin, 160 müň mile (takmynan, 257 müň kilometre) çenli kepillik berýär diýip, «Carscoops» neşiri habar berýär. Mysal üçin, 62 müň mil (takmynan, 100 müň km) ýol geçen 2020-nji ýylyň «Model 3» awtoulagy bary-ýogy 19 müň dollara satylýar, bu bolsa elektrikli awtoulaglar bazarynda örän bäsdeşlikli baha hasaplanýar. Üstesine-de, alyja goşmaça 1 ýyl ýa-da 10 müň mil ýol geçýänçä kepillik hem berilýär, bu bolsa söwdany has-da özüne çekiji edýär.

Has köp ünsüňi çekýän zat bolsa, batareýasyna we hereketlendirijisine 2028-2029-njy ýyla çenli kepillik berilýän awtoulaglar bar. Bu ýagdaý, esasan-da, batareýanyň ygtybarlylygy we çalt könelip-könelmeýändigi bilen bagly alada edýän müşderiler üçin möhüm faktor bolup durýar. Şeýle-de käbir ujypsyz aýratynlyklar bar: käbir awtoulaglarda «abatlanan» diýen bellik bar, emma Tesla abatlaýyş işleriniň nähili alnyp barlandygyny aýtmaýar. Bu ýagdaý käbir alyjylarda ynamsyzlyk döredip biler.
Söwdanyň ýene bir ýaramaz tarapy, yzyna gaýtarylmaýan 500 dollar möçberindäki öňünden töleg we transport çykdajylarynyň hökmany görnüşde alyjy tarapyndan tölenmegidir. Şeýle-de alyjy satyn almazdan öň awtoulagyň hakyky suratlaryny görüp bilmeýär. Şeýle-de bolsa, bu teklip täze elektromobile köp çykdajy etmän, töwekgelçiligi pes derejede saklap geçmek isleýänler üçin, örän özüne çekiji mümkinçilik bolup durýar.


29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......