Karlo Ançelotti resmi taýdan Braziliýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi bellendi

  • 13.05.2025 11:41
  • 9k+

Karlo Ançelotti resmi taýdan Braziliýanyň milli futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi bellendi. Italiýaly hünärmen topary 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna taýýarlar diýip, Braziliýanyň futbol konfederasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Mundan öň 2021-nji ýyldan bäri 65 ýaşly hünärmen Madridiň “Realyna” ýolbaşçylyk edýärdi. Şeýle-de, ol 2013-2015-nji ýyllarda klubda işledi. Onuň ýolbaşçylygynda patyşalyk topary iki gezek Ispaniýanyň çempionatynda we üç gezek Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy. Şeýle-de, ol Italiýanyň “Milan”, Angliýanyň “Çelsi”, Fransiýanyň “PSŽ” we Germaniýanyň “Bawariýa” klublaryny milli çempionatlarda çempionlyga getirdi.

“Ançelottini Braziliýanyň milli ýygyndysynyň ýolbaşçylygyna çekmek – bu ýönekeý bir strategiki ädim däl. Bu biziň hormat münberiniň iň ýokary derejesini gaýdyp almagy ýüregimize düwendigimizi dünýä habar bermegimizdir” – diýip, Braziliýanyň futbol konfederasiýasynyň prezidenti Ednaldo Rodriges belledi.

Ol Ançelottini futbol taryhynda iň beýik tälimçi diýip atlandyrdy we “beýik tälimçiniň indi beýik topar bilen birleşjekdigini” sözüniň üstüne goşdy.
Tälimçi häzirki möwsümi “Real” bilen tamamlar we şondan soň iýun aýynda milli ýygynda goşular. Ol Braziliýanyň milli ýygyndysynyň taryhynda ilkinji daşary ýurt tälimçisi bolar. Şeýle-de, AS neşiriniň habar berşi ýaly, Ançelottiniň ogly Dawide Ançelotti milli ýygyndynyň ilkinji oýunlarynda kakasynyň kömekçisi bolar.
Braziliýanyň GloboEsporte neşiriniň maglumatlaryna görä, Ançelottiniň ýygyndyda ýyllyk zähmet haky 10 mln ýewro bolar. Mundan başga-da, italiýaly tälimçiniň şertnamasynda 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyndaky ýeňiş üçin 5 mln ýewro bonus göz öňünde tutulýar.
Ozal žurnalist Fabrisio Romano Madridiň “Realynyň” täze baş tälimçisiniň Habi Alonso boljakdygyny habar berdi. Lewerkuzeniň “Baýeriniň” halypasy bu klub bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy.


06.06.2026 10:24
5.6k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

06.06.2026 08:15
4.2k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

05.06.2026 15:52
9.6k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.7k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......