«Turkish Airlines» awiakompaniýasy uçar doly saklanmanka ýerinden turýan ýolagçylara jerime salar

  • 13.05.2025 10:53
  • 14k+

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy uçar doly saklanmazdan we howpsuzlyk kemerleriniň çyrasy öçürilmezden öň ýerinden turýan ýolagçylara jerime salar. Bu barada «Akdeniz Gerçek» neşiri habar berýär.

Täze düzgünler Türkiýäniň Baş raýat awiasiýasy müdirligi (SHGM) tarapyndan çap edilen görkezmede beýan edilýär. «Turkish Airlines» awiakompaniýasy eýýämden uçardaky işgärlere düzgün bozýan ýolagçylary gözegçilikde saklamagy tabşyrypdyr.

«Uçar gonan badyna ýerinden turýan, üstki ýük bölümçelerini açýan ýa-da uçardaky işgärleriň duýduryşlaryna üns bermeýän ýolagçylara hereket edýän kanunçylyga laýyklykda jerime salnyp bilner» — diýlip beýanatda aýdylýar.

Awiakompaniýanyň wekili bu çäreleriň ýolagçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendigini belläp geçdi. Onuň sözlerine görä, uçaryň hereket edýän wagty ýolagçylaryň ýerinden turmagy ýa-da ýük bölümçelerini açmagy, köplenç, şikeslenmelere we dürli hadysalara sebäp bolýar.


düýn 23:58
330

Hindistan ýoň bolan elektron wiza bilen ýurda girmegiň san çäklendirmesini ýatyrdy

Hindistan 30 günlük syýahatçylyk elektron wizasy bilen ýurda girmegiň sanyna goýlan çäklendirmäni ýatyrdy. Indi şeýle wizanyň eýeleri onuň möhletiniň dowamynda ýurda isledikleriçe gelip bilýärler....

16.06.2026 23:15
3.4k+

Pariziň iň köne köprüsini uly gowaga öwürdiler: indi ol köpçülik üçin açyk

Fransuz suratkeşi JR Pariziň iň köne köprüsini uly göwrümli çeperçilik giňişligine öwüren «Pon-Nýof gowagy» atly gurnamasyny köpçülik üçin açdy. Bu desgany görmek mugtdyr we ol 28-nji iýuna çenli dowam eder....

10.06.2026 16:40
3.1k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

10.06.2026 12:20
10k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......