Ilon Mask: Hytaý 2025-nji ýylda ulag satuwy boýunça ABŞ-dan we Ýewropadan öňe geçer

  • 13.05.2025 10:42
  • 6.5k+

Hytaý 2025-nji ýylda ilkinji gezek umumy awtomobil satuwy boýunça ABŞ-dan we Ýewropadan öňe geçer diýip, Ilon Mask aýdýar. X sosial ulgamyndaky sahypasynda Tesla-nyň ýolbaşçysy bu ýurduň eýýäm birnäçe ýyl bäri adaty liderleriň yzyndan ýetip, ulag önümçiliginde öňdebaryjydygyny belledi.

MarkLines-iň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň ilkinji üç aýynda Hytaýda 7,47 mln awtomobil satyldy. Bu geçen ýyldakydan ep-esli köpdür. Mask ýylyň jemi boýunça Hytaýyň dünýä bazarynda öz ornuny berkitjekdigini çaklaýar.
Satuwyň ösmegi ýurduň içindäki ýokary isleg we hytaý brendleriniň daşary bazarlara işjeň çykmagy bilen baglanyşyklydyr. BYD ýaly kompaniýalar daşary ýurt öndürijileri bilen üstünlikli bäsleşip, Hytaýyň awtomobil pudagyndaky ornuny berkidýär.


16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.7k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......