Apple 2024-nji ýylda diňe ABŞ-da App Store-yň üsti bilen $10 mlrd gazandy

  • 12.05.2025 16:38
  • 1.6k+

2024-nji ýylda Apple-iň diňe ABŞ-da App Store-dan gazanan girdejisi 10,1 mlrd dollara barabar boldy. Bu barada Appfigures analitiki kompaniýasyna salgylanyp, TechCrunch habar berýär. Bu kompaniýanyň programmalar dükanynyň töleg ulgamy arkaly amala aşyrylan her bir amaldan alan mukdarydyr.

ABŞ-da AppStore-yň umumy girdejisi 33,68 mlrd dollar boldy. Işläp düzüjiler 23,57 mlrd dollar aldy. Galan 10,1 mlrd dollar kupertinoly kompaniýanyň paýyna düşdi. Olardan 3,82 mlrd dollary oýunlardan, galan 6,27 mlrd dollary beýleki programmalardan gelýär.
2020-nji ýyldan bäri Apple-iň AppStore komissiýalaryndan alan girdejisi iki esseden gowrak ýokarlandy. Şol wagt ol 4,67 mlrd dollardy, 2021-nji ýylda – 6,66 mlrd dollar, 2022-nji ýylda – 7,37 mlrd dollar, 2023-nji ýylda – 8,75 mlrd dollar boldy.
Apple bu girdeji çeşmesini saklamak isleýär. Geçen hepde kazyýetiň karary boýunça, kompaniýa indi işläp düzüjileriň App Store-dan daşary töleg usullary barada ulanyjylara habar bermegine rugsat bermeli boldy. Şeýle töleglerde Apple komissiýa alyp bilmez.
Kompaniýa eýýäm çäklendirmeleri aýyrdy, ýöne munuň “ýüzlerçe million ýa-da milliardlarça dollar” ýyllyk ýitgä getirip biljekdigini aýdyp, çözgüdi togtatmak barada arza berdi.
Mundan başga-da, Apple Google-yň gözleg ulgamyny ulanýandygy üçin ondan alýan ýylda 20 mlrd dollaryny ýitirip biler. Kazyýet Google-y monopoliýaçy diýip ykrar edenden soň, Apple başga hyzmatdaşlary gözläp başlady. Bu hem Google-yň paýnamalarynyň pese gaçmagyna getirdi.


02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......