Audi A6 e-hybrid hödürlendi: has uly batareýa, 362 at güýji we benzinsiz 111 km ýol geçýär

  • 12.05.2025 16:16
  • 3.4k+

Audi täze «A6 sedan» we «A6 Avant» ulaglarynyň tokdan zarýad alýan gibrid görnüşlerini tanyşdyrdy. Öňki modellere garanyňda, täze wersiýalaryň batareýasy 45% ulalyp, 20,7 kWt⋅s sygyma ýetirilipdir. Bu bolsa WLTP standartyna görä, diňe elektrik energiýasy bilen sedanda 111 km, uniwersalda bolsa 106 km ýol geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «ITHome» portaly habar berýär.

Model hatarynda iki görnüş bar: esasy görnüş 295 a.g. eýe bolup, 100 km/sag tizlige 6 sekuntda ýetýär. Has güýçli görnüşi bolsa 362 a.g. bilen şol tizlige 5,3 sekuntda ýetýär. Diňe elektrik režiminde ulagyň iň ýokary tizligi 140 km/sag bilen çäklenýär, ýöne benzinli hereketlendiriji hem işe goşulanda iň ýokary tizligi 250 km/sag ýetýär (elektron çäklendiriji bilen).
Kämilleşdirmeleriň arasynda 11 kWt-da gurlan zarýad enjamy bar, ol batareýany 2,5 sagatda doly zarýadlaýar. Içinden ýandyrylýan hereketlendiriji bilen zarýad bermek 65 km/sag tizlikden ýokary ýagdaýda mümkin, ýöne batareýanyň 75%-ine çenli çäklendirilýär. Doly zarýad üçin elektrik ulgamyna birikdirmek zerur. Ulaglaryň ikisinde hem goşa ssepleniýeli awtomatiki geçiriş karobkasy we Quattro doly herekete getiriji ulgamy bar.
Beýik Britaniýada 295 a.g. bolan esasy sedan görnüşiniň bahasy 61 müň 755 funt sterlingden, uniwersalyňky bolsa 63 müň 705 funt sterlingden başlaýar. 362 a.g. bolan görnüşi 8000 funt has gymmat bolup, onuň düzüminde sport asma ulgamy, ulaldylan tekerleri we gyzyl tormoz supportlaryny öz içine alýan S line bukjasy bar.


28.01.2026 13:50
2k+

Audi täzelenen A5 we Q5 modelleriniň içki bezeginde ýene adaty çözgütlere dolandy

Audi kompaniýasy ABŞ-da içki bezegi we elektron ulgamlary kämilleşdirilen 2026-njy ýylyň A5 we Q5 modellerini tanyşdyrdy. Bu gezek esasy üns dolandyryşyň oňaýlylygyna we hereket wagtynda sürüjiniň ünsüni sowýan faktorlary azaltmaga gönükdirildi...

18.01.2026 23:32
5.1k+

Hytaýda ilkinji gezek Huawei awtopilotly uzyn Audi A6L görkezildi

Täzelenen Audi A6L sedany Hytaýda resmi taýdan tanyşdyryldy. Ol täze platforma, intellektual dolandyryş ulgamy we täzelenen hereketlendiriji düzümi bilen tapawutlanýar. Tehniki aýratynlyklar modeliň ilkinji görkezilişinde yglan edildi...

12.01.2026 16:31
3k+

AUDI E5 Sportback Hytaýda «Ýylyň awtomobili» diýlip ykrar edildi

AUDI E5 Sportback elektrik ulagy «Hytaýda ýylyň awtomobili 2026» adyny aldy. Ýeňiji awtomobil KHBS-iniň hünärmenler komissiýasy tarapyndan kesgitlendi. Audi AG-yň täze golçur markasy bolan AUDI üçin bu hytaý bazarynda şeýle derejeli ilkinji baýrak boldy – brend hytaý bazaryna geçen ýyl çykypdy...

06.01.2026 23:40
9k+

Mansory 1100 at güýji bolan we salony pöwrize reňkli Audi RS6-ny görkezdi

Mansory týuning atelýesi Audi RS 6-nyň binýadynda döredilen P1100 atly täze taslamasyny hödürledi. Uniwersal awtoulagyň kuwwaty 1100 at güýjüne çenli artdyryldy. Bu täzelenme modeliniň häzirki nesliniň önümçiliginiň tizara tamamlanmagyna gabatlap taýýarlanyldy...