Baidu haýwan dilini adam diline terjime edýän tehnologiýany patentlemek üçin arza berdi

  • 12.05.2025 07:06
  • 5.1k+

Hytaýyň Baidu kompaniýasy haýwan seslerini adam diline terjime edip biljek tehnologiýany patentlemek üçin arza berdi. Bu barada South China Morning Post habar berdi.

Arza 2023-nji ýylyň dekabrynda berlipdi, ýöne Hytaýyň Milli intellektual eýeçilik müdirligi ony diňe 2025-nji ýylyň 6-njy maýynda neşir etdi. Resminama laýyklykda tehnologiýa haýwanlaryň özüni alyp barşyny seljermek üçin neýroulgamy ulanar. Ulgam sesi, beden dilini, özüni alyp barşynyň üýtgemegini we beýleki alamatlary göz öňünde tutup biler. Bu maglumatlara esaslanyp, ol haýwanyň “duýgusyny” kesgitlär we sesleri adamlara düşnükli dile öwrer.
Işläp taýýarlaýyşda emeli aňyň dürli ugurlary, şol sanda maşyn okuwyny ulanar. Eger ulgam ses boýunça bir duýgyny tanap bilmese, kompaniýanyň hünärmenleri maglumatlary elde bellärler, nusgany täzelärler we algoritmi sazlarlar.
Işläp taýýarlaýjylaryň tassyklamagyna görä, bazarda itleriň, pişikleriň we totuguşlaryň sesini terjime edýän onlarça programma bar. Emma, Baidu-nyň  berýän maglumatlaryna görä, şeýle programmalar diňe ses ýa-da ýüzüň mimikasyna salgylanýar, bu bolsa takyklygy çäklendirýär. Kompaniýa bir taraply çemeleşme haýwan duýgularyny dogry tanamaga päsgel berýär diýip hasaplaýar.
Baidu-y laýyk täze programmany çykarmagy meýilleşdirýärmi ýa-da ýok, entek belli däl. Patentlemek üçin berlen arza onuň derrew alynjakdygyny aňlatmaýar. Oňa garamak prosesi bir ýyldan bäş ýyla çenli çekip biler.


13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

07.06.2026 19:44
1.2k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

31.05.2026 22:44
4.6k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......

24.05.2026 17:05
4.7k+

NASA Aý gijesiniň adatdan daşary aýazyna döz gelip biljek ulgamy synagdan geçirýär

NASA Aý gijesiniň iki hepdeläp dowam edýän adatdan daşary pes temperaturalarynda işjeňligini saklap biljek "Lunar Environment Monitoring Station" (LEMS) ulgamyny synagdan geçirýär....