Ýakyn Gündogaryň ilkinji «Disneýlendi» Abu-Dabide gurlar

  • 12.05.2025 07:15
  • 5.9k+

The Walt Disney Company Abu-Dabide tematik seýilgäh-dynç alyş merkezini gurmagy meýilleşdirýär. Täze dynç alyş merkezi Disney-iň Ýakyn Gündogardaky ilkinji taslamasy bolar. Bu barada kompaniýanyň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Täze dynç alyş merkezi meşhur güýmenje we dynç alyş nokady hökmünde tanalýan Ýas adasynda ýerleşer. Ýas adasy Ýakyn Gündogardan, Afrikadan, Hindistandan, Aziýadan, Ýewropadan we beýleki sebitlerden syýahatçylary özüne çekýän möhüm merkezleriň biridir.
Disney-iň ýedinji tematik seýilgäh-dynç alyş merkezi meşhur Disney hekaýalaryny, gahrymanlaryny we attraksionlaryny Abu-Dabiniň baý medeniýeti, kenarýaka görnüşleri we özboluşly arhitekturasy bilen utgaşdyrar.
Täze «Disneýlend» Abu-Dabidäki öňdebaryjy güýmenje taslamalary bilen tanalýan Miral kompaniýasy tarapyndan gurlar. Taslamanyň döredijilik işlerine bolsa Disney-iň suratkeşleri we dizaýnerleri ýolbaşçylyk eder.

«Abu-Dabi – mirasyň innowasiýalar bilen duşuşýan ýeri. Biz bärde geçmişimizi gorap saklamak bilen, geljegimizi taslaýarys» — diýip, Miral kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mohamed Halifa Al Mubarak aýtdy.

Birleşen Arap Emirlikleri dünýäniň ähli ilatynyň üçden bir böleginiň bary-ýogy dört sagatlyk uçuş aralygynda ýerleşýär. Bu bolsa ýurdy syýahatçylykda möhüm geçelgä öwürýär. BAE dünýäniň iň uly howa gatnaw merkezleriniň biri bolup durýar, Abu-Dabi we Dubaý şäherleriniň üsti bilen ýylda 120 million ýolagçy uçup geçýär.


07.02.2026 08:38
4.1k+

Bu ýyl syýahatçylaryň ümzügi Dubaýa, Abu-Dabä we Şarja tarap

BAE-niň üç sany iň uly emirligi bolan Dubaý, Abu-Dabi we Şarja 2026-njy ýylda daşary ýurtly syýahatçylar üçin iň köp isleg bildirilýän ugurlar bolar. Bu hakda Skyscanner kompaniýasy habar berýär. Dubaý myhmanhanalaryň öňünden bron edilmegi boýunça öňde barýar...

30.01.2026 13:09
14k+

Gyzylyň gymmat wagtynda Dubaý altyndan köçe gurýar

Dubaýyň häkimiýetleri sözüň göni manysynda altyn köçäni gurmak hakda meýilnamalarynyň bardygyny habar berdiler. Bu barada Euronews teleýaýlymy mälim edýär. Köçäniň gurluşygynda altyn ulanyljakdygy wada berilýär, emma anyk nähili usul bilen ulanyljagy entek doly belli däl...

01.01.2026 18:09
6.6k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Abu-Dabi ugruna goşmaça gatnawy ýola goýýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 4-nji ýanwaryndan başlap, Aşgabat – Abu-Dabi – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli ýolugçy gatnawlarynyň sanyny artdyrýar. Indi Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagtyna uçuşlar hepdede iki gezek amala aşyrylar...

29.12.2025 00:16
6.2k+

Abu-Dabide BAE-niň esaslandyryjysyna bagyşlanan uly muzeý açyldy

Abu-Dabide Birleşen Arap Emirlikleriniň esaslandyryjysyna we ilkinji Prezidentine bagyşlanan iri medeni merkez — Şeýh Zaýed adyndaky Milli muzeý açyldy. Saadiýat adasynda ýerleşýän bu muzeý ýurduň taryhy we onuň lideriniň mirasy bilen tanyşmak üçin döredilen özboluşly giňişlikdir...