Google 2035-nji ýyla çenli 3 sany täze atom elektrik stansiýasyna maýa goýmagy meýilleşdirýär

  • 12.05.2025 07:10
  • 2.1k+

Google korporasiýasy atom energetikasy ugrundaky taslamalar bilen meşgullanýan Elementl Power amerikan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk yglan etdi. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde, Google umumy kuwwaty 1800 megawatt bolan üç sany täze atom elektrik stansiýasyna maýa goýmagy meýilleşdirýär. Bu stansiýalaryň 2035-nji ýyla çenli ulanyşa berilmegi göz öňünde tutulýar. Ýöne gurluşykda haýsy tehnologiýalaryň ulanyljakdygy, gurluşyk ýerleri we seneleri heniz anyk mälim edilmeýär. Bu barada «The Register» neşiri habar berýär.

Täze stansiýalaryň kuwwaty adaty atom elektrik stansiýalary bilen deňeşdirilende pesdir: meselem, 2023-nji ýylda Jorjiýa ştatynda işe girizilen «Wogtl» atly stansiýada dört sany reaktor bolup, olaryň umumy kuwwaty 4500 MWt-a barabar. Şeýle-de bolsa, McKinsey kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, maglumat merkezleriniň energiýa bolan islegi 2015-nji ýylda 30 MWt bolan bolsa, 2024-nji ýylda bu görkeziji 200 MWt-a ýetdi. Munuň sebäbi, esasan, emeli aň tehnologiýalarynyň ösmegi bilen baglanyşyklydyr.
2022-nji ýylda esaslandyrylan Elementl Power kompaniýasy heniz bir taslamany hem durmuşa geçirmän, özüni «tehnologiýa taýdan bitarap» işläp düzüji hökmünde tanadýar. Kompaniýanyň ýolbaşçysy, ozal NuScale Power kompaniýasynda işlän hünärmen Kristofor Kolbert kompaniýanyň kiçi modully reaktorlar (SMR) boýunça iş alyp barýandygyny aýdýar.
Bu Google-yň soňky ýarym ýylyň dowamynda atom energetikasy boýunça baglaşan ikinji hyzmatdaşlyk şertnamasydyr. 2024-nji ýylyň oktýabrynda, Google erän duz bilen işleýän reaktorlary kämlleşdirmek üçin, Kairos Power kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyga başlapdy. «The Register» neşiriniň analitikleriniň pikirine görä, tehnologiýa ägirtleriniň bu tagallalary hem 2027-nji ýyla çenli boljak energiýa ýetmezçiliginiň öwezini doly dolup bilmez.
Google-yň energiýa sarp edişiniň ýokarlanmagy gönüden-göni emeli aňyň ösmegi bilen baglanyşyklydyr. Kompaniýanyň 2024-nji ýyl boýunça hasabatynda aýdylmagyna görä, emeli aň infrastrukturasynyň netijesinde, parnik gazlarynyň zyňyndylary bir ýylyň dowamynda 13% ýokarlandy, 2019-njy ýyldan bäri bolsa bu görkeziji 48%-e ýetdi. Şeýle hem Alphabet kompaniýasy 2025-nji ýylda maglumat merkezleriniň sanyny artdyrmak üçin 75 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär, bu bolsa energiýa ulgamlaryna has uly basyş döreder.


02.06.2026 12:08
2.1k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

29.05.2026 16:32
1.5k+

Google «Googlebook» noutbuklarynyň arzan görnüşlerini çykarar

Google kompaniýasy ozal «Android» goşundylaryny goldaýan we «Gemini» emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan premium segmentli enjamlar hökmünde tanyşdyrylan «Googlebook» noutbuklarynyň has elýeterli......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

03.05.2026 23:57
1.4k+

«Ýyl ajap başlady»: YouTube-yň girdejileri iki belgili ösüş görkezdi

YouTube wideo platformasy we onuň baş kompaniýasy bolan Alphabet 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça uly maliýe üstünlikleri barada hasabat berdi: serwisiň mahabat girdejisi 10,7% ýokarlanyp,......