Ýannik Sinner Italiýanyň MOK-nyň iň ýokary baýragyna mynasyp boldy

  • 10.05.2025 22:31
  • 5.8k+

Dünýäniň birinji raketkasy, “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň üç gezek ýeňijisi, italiýaly tennisçi Ýannik Sinner Italiýanyň Milli Olimpiýa komitetiniň iň ýokary baýragyny – “Altyn ýakany” (Collare d’Oro) aldy. Baýragy türgene MOK-nyň prezidenti Jowanni Malago gowşurdy.

Gurama Sinneriň tälimçisi Simone Wanossini hem sylaglady – ol tehniki hyzmatlary üçin “Altyn palma şahasyny” (Palma d’Oro) aldy.

“Bu karýeramda iň abraýly baýraklaryň biri. Bu meniň şahsy karýeramyň çäginden çykýar. Adamlaryň goldawy maňa köp ýyllaryň dowamynda, aýratynam, iň kyn pursatlarda uly güýç berdi. Geçen ýyl meniň üçin aňsat bolmady: ýeňişleri italýan janköýerleri bilen paýlaşmak gowy zat” – diýip, Italiýanyň MOK-nyň saýty Sinneriň sözlerini getirýär. 


20.06.2026 20:28
15k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....