"Arkadag" futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony boldy

  • 10.05.2025 22:01
  • 21k+

«Arkadag» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň finalynda Kambojanyň dört gezek çempiony “Preah Khan Reach Svay Rieng” toparyny goşmaça wagtda 2:1 hasabynda utup, çempion boldy.

Kambojanyň paýtagtynda geçirilen oýnuň esasy wagty 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy. Goşmaça wagtda bolsa «Arkadag» hasaby 2:1 edip, ýeňşi öz tarapyna agdyrdy.
«Arkadag» FK-nyň düzüminde Mekan Saparow (59-njy minut) we Altymyrat Annadurdyýew (112) gol geçirdi.
«Svay Rieng» toparynda ýeke-täk goly Krýa Saret (82) geçirdi.
Ýeri gelende bellesek, «Arkadag» FK-nyň futbolçysy Şanazar Tirkişow turniriň «Iň gowy oýunçysy» hökmünde ykrar edildi.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......