Bill Geýts baýlygynyň tas ählisini haýyr-sahawat işlerine bagyşlar

  • 10.05.2025 14:14
  • 8.2k+

Microsoft korporasiýasynyň esaslandyryjysy, milliarder we haýyr-sahawatçy Bill Geýts 20 ýylyň dowamynda şahsy baýlygynyň tas hemmesini diýen ýaly haýyr-sahawat işlerine bagyşlajakdygyny mälim etdi. Ol 200 milliard dollara barabar serişdäni öz «Gates Foundation» gaznasy arkaly paýlamagy göz öňünde tutýar.

«Geljekki 20 ýylyň dowamynda, dünýäniň dürli künjeklerindäki adamlaryň durmuşlaryny halas etmek we gowulandyrmak maksady bilen, ähli baýlygymy Geýts gaznasy arkaly bagyşlaryn. 2045-nji ýylyň 31-nji dekabrynda bolsa, gazna hemişelik ýapylar» — diýip, Geýts öz web sahypasynda ýazdy.

«Reuters» agentliginiň ýazmagyna görä, milliarder Ak tamyň administrasiýasynyň köp sanly amerikan kömek maksatnamalaryny azaltmagyndan ýa-da togtatmagyndan nägile eken. Geýts täze doglan bäbekleriň, çagalaryň we eneleriň «öňüni alyp boljak sebäplerden» ýogalmagynyň öňüni almak isleýändigini, şeýle hem poliomiýelit, gyzzyrma we gyzamyk ýaly keselleri ýok etmek hem-de garyplyk derejesini peseltmek isleýändigini beýan etdi.

«Ölenimden soň adamlar men hakda köp zat diýer, emma [şol gürrüňleriň arasynda] „Ol baý öldi“ diýen sözüň bolmazlygy üçin, men elimden gelen zady ederin» — diýip, ol aýtdy.

«CNN» neşiriniň bellemegine görä, Bill we onuň öňki aýaly Melinda tarapyndan 2000-nji ýylda esaslandyrylan gazna, başlangyçda, olaryň ölüminden soň hem onlarça ýyl işläp biljek gazna hökmünde meýilleşdirilipdir. Emma Geýts serişdeleri geçirmek prosesini çaltlaşdyrmaga karar berdi.
Gazna esaslandyrylan gününden bäri, AIDS, inçekesel we gyzzyrma garşy göreş maksatnamalaryny hem hasaba almak bilen, 100 milliard dollar bölüp beripdir.
«Bloomberg-iň» reýtingine görä, häzirki wagtda Bill Geýtsiň baýlygy 108 milliard dollar diýlip bahalandyrylýar.


14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.4k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
884

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...

06.02.2026 11:51
1k+

Nvidia Windows 11-iň soňky täzelenmesini öçürmegi maslahat berýär: ol wideokartalaryň işinde bökdençliklere sebäp boldy

Nvidia kompaniýasy GeForce wideokartalaryny ulanýanlara grafiki kemçilikleriň we programmalaryň durnuksyz işlemegi sebäpli Windows 11-iň iň soňky täzelemesini aýyrmagy maslahat berdi. ​Öndüriji KB5074109 belgili täzelemäniň gurnalmagyny oýunçylaryň ekranda dürli şekil bozulmalarynyň peýda bolmagy baradaky köp sanly şikaýatlary bilen baglanyşdyrýar...