Tesla iň arzan modelini hödürledi. Bahasy 33 990 dollar

  • 10.05.2025 14:37
  • 5.5k+

Tesla kompaniýasy ABŞ-da «Model Y» krossoweriniň yzky tekerlerden herekete getirilýän täze görnüşini hödürledi. Täze model has uzak ýol geçmäge ukyply bolup, arzan bahasy bilen tapawutlanýar. Bu barada «ITHome» portaly habar berýär.

Modeliň başlangyç bahasy 44 müň 990 dollar bolup, 7500 dollar federal salgyt ýeňilligi bilen umumy bahasy 33 müň 990 dollara çenli aşaklaýar.
Täze «Model Y-niň» esasy görnüşi 19 dýuýmlyk Crossflow diskler, çal reňkli kuzow we gara reňkli salon bilen enjamlaşdyrylan. Goşmaça töleg bilen başga reňkli kuzowy hem-de ak salony saýlap bolýar. Şeýle-de alyjylar 8000 dollara sürüji kömekçi ulgamy bolan FSD-ni hem goşup bilerler.
Awtoulaglar müşderilere ýene üç-bäş hepdeden gowşurylyp başlar, ýöne bu möhlet kompaniýanyň içki iş proseslerine baglylykda üýtgäp hem biler.
Tesla kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyryna çenli has elýeterli bahaly elektromobil çykarmagy hem meýilleşdirýär.


29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......