Netflix TikTok-a meňzeş wideo lentasyny işe girizýär

  • 10.05.2025 14:39
  • 3k+

Netflix kompaniýasy ykjam goşundysynda täze funksiýanyň – TikTok-a meňzeş dik görnüşli gysga wideolardan ybarat lentanyň synag hökmünde ýakyn wagtda işe giriziljekdigini habar berdi diýip, «The Verge» neşiri habar berýär.

Täze funksiýa işe girizilenden soň, ulanyjylar seriallardan we filmlerden alnan klipleri dik görnüşde görüp bilerler. Eger haýsydyr bir wideo göwnüňe ýarasa, oňa şol ýerde dessine tomaşa edip bolar. Algoritmler her bir tomaşaça aýratynlykda degişli klipleri saýlap berer. Şeýle hem halan mazmunyňy «Soňra tomaşa et» (Watch later) sanawyna goşup, dostlaryň bilen paýlaşyp bolar.

«Ulanyjylaryň sosial torlarda dik görnüşli wideolara öwrenişendiklerini bilýäris. Abunalarymyz, köplenç, film ýa-da serial saýlamak üçin treýlerlere we böleklere seredýärler. Täze lenta bu prosesi has aňsatlaşdyrar» — diýip, Netflix-iň önümler boýunça direktory Ýunis Kim aýtdy.

Netflix ulanyjylaryň dik görnüşli wideolar üçin TikTok-a ýa-da Reels-e geçmegini islemeýär. Ýöne möhüm bir tapawut bar: sosial torlarda mazmuny millionlarça adam döredýär – memlerden täzeliklere çenli. Netflix-de bolsa, diňe öz filmlerinde we seriallaryndan bölekler bolar.
Şeýle-de Netflix TW-goşundysy üçin täzelenen dizaýnyny hem hödürledi.


düýn 22:06
537

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.8k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......