Täze Toyota Corolla Cross 2026 tanyşdyryldy

  • 09.05.2025 16:22
  • 13k+

Täzeden dizaýn edilen «Toyota Corolla Cross 2026» tanyşdyryldy. Ol hem täzelenen görnüşi, hem-de täze «GR Sport» görnüşi bilen hödürlenýär diýip, «Carscoops» habar berýär.

Krossower petek şekilli gözenek, daraldylan faralar we ýokary derejeli görnüşlerinde LED çyralar bilen üpjün edilen. Şeýle-de ulag täze yzky çyralary we 18 dýuýmlyk diskleri bilen tapawutlanýar. Model öňküsi ýaly TNGA-C platformasynda galýar.
Salonynda ulaldylan merkezi konsol, täze geçiriş selektory, smartfonlar üçin simsiz zarýad beriji, 10,5 dýuýmlyk multimediýa ekrany we 12,3 dýuýmlyk sanly gurallar paneli bar.

Ýewropa bazary üçin 138 at güýjündäki 1,8 litrlik we 194 at güýjündäki 2,0 litrlik iki sany gibrid hereketlendiriji bilen hödürlenýär. Olaryň ikisem elektromotor we wariator bilen işleýär. Ulag «Toyota Safety Sense 3.0» howpsuzlyk toplumy bilen üpjün edilen, bu bolsa uýgunlaşýan kruiz-kontrol we dessin tormoz ulgamyny öz içine alýar.

«GR Sport» görnüşi «GR Corolla» äheňindäki bamperi, 19 dýuýmlyk gara diskleri we eksklýuziw Storm Grey reňki bilen tapawutlanýar. Asma ulgamy 10 mm peseldilen, rulyň dolandyryşy täzeden sazlanan, şeýle-de rulyň arkasyna tizligi el bilen geçirmäge mümkinçilik berýän lepestoklar we Sport tertibi goşulan.
Ýewropada satuwlar 2025-nji ýylyň ortalarynda başlar.


şu gün 21:54
1k+

Toyota kompaniýasy Crown hatarynyň üç modeliniň täzelenen görnüşini taýýarlaýar

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazary üçin Crown Crossover, Crown Sport we Crown Sedan modelleriniň täzelenen görnüşlerini taýýarlaýar. «Creative Trend» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, restaýling edilen......

24.06.2026 14:05
5.1k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......