Windows XP iş stolundaky meşhur baýyr tanalmaz derejede üýtgedi

  • 09.05.2025 15:57
  • 9.8k+

Internet ulanyjylaryny Windows XP iş stolundaky meşhur ýaşyl baýryň häzirki görnüşi haýran galdyrdy. Bu ýeriň üýtgändigini görkezýän suratlar bilen @insidehistory lakamly ulanyjy paýlaşdy.



Fotosuratçy Çarlz O’Rier tarapyndan Napa jülgesinde (Kaliforniýa) düşürilen meşhur suratda ýiti gök asman bilen zümerret ýaşyl baýyrlar şekillendirilipdi. Täze suratlar bu ýeriniň dürli ýyllarda: 1998, 2006, 2020, 2024 we 2025-nji ýyllarda nähili bolandygyny görkezýär. Has soňky suratlarda bütin dünýäde millionlarça adamyň her gün öz ekranlarynda gören ýaşyl baýyrlarynyň ýitendigi aýdyň görnüp dur. Indi olaryň ýerinde üzümlik bar.
Köp ulanyjylar bu ýagdaýdan lapykeç boldy. Olaryň biri teswirlerde öň bu ýerlerde bolmagy arzuw edendigini, indi bolsa gynanýandygyny ýazýar. Beýlekisi bolsa gören zatlarynyň onda sussupeslik döredýändigini belläpdir.
“Asudalyk” suratynyň taryhy şeýle: Çarlz O’Rier bu suraty Napa okrugynyň golaýyndan geçip barýarka aldy. Onuň ünsüni üzümlikleriň arasyndaky arassa meýdan özüne çekdi. Görlüp oturylsa, surat düşürilmezden bir ýyl ozal bu meýdan üzüm çybyklarynyň zyýankeşi bolan fillokseralardan zyýan çekipdir we wagtlaýyn arassalanypdyr. Hut şonuň üçin 1998-nji ýylyň suratynda ýaşyl giňişlikler görünýär. Soňky suratlarda üzümlikleriň kem-kemden dikelmegi bolsa geň däldir. 


09.02.2026 15:19
1.4k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
867

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...

06.02.2026 11:51
1k+

Nvidia Windows 11-iň soňky täzelenmesini öçürmegi maslahat berýär: ol wideokartalaryň işinde bökdençliklere sebäp boldy

Nvidia kompaniýasy GeForce wideokartalaryny ulanýanlara grafiki kemçilikleriň we programmalaryň durnuksyz işlemegi sebäpli Windows 11-iň iň soňky täzelemesini aýyrmagy maslahat berdi. ​Öndüriji KB5074109 belgili täzelemäniň gurnalmagyny oýunçylaryň ekranda dürli şekil bozulmalarynyň peýda bolmagy baradaky köp sanly şikaýatlary bilen baglanyşdyrýar...

05.02.2026 02:14
797

Microsoft ahyrsoňunda 30 ýyllyk NTLM howpsuzlyk protokolyny öçürýär

Microsoft kompaniýasy Windows 11-iň geljekki wersiýalarynda könelen NTLM howpsuzlyk protokolynyň standart (default) ulanylyşyny bes etmegi meýilleşdirýändigini yglan etdi. Bu ýerde gürrüň tehnologiýany doly aýyrmak barada däl-de, eýsem ulgamyň standart sazlamalarynyň üýtgedilmegi barada gidýär...