Tesla-nyň ammarlarynda 10 müňden gowrak Cybertruck tozan basyp ýatyr, pikapa isleg ýok

  • 09.05.2025 16:00
  • 22k+

ABŞ-da Tesla-nyň ammarlarynda 10 000-den gowrak alynmadyk Cybertruck bar. Hasaplamalara görä, olaryň umumy bahasy 721 mln ýewro (809 mln dollardan gowrak) golaýlaýar. Kompaniýanyň öňdebaryjy önüm diýip görkezen modeli satuw boýunça çaklamalary ödemedi diýip, ArenaEV ýazýar.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, soňky aýda satyn almak üçin elýeterli bolan Cybertruck-yň sany ep-esli artdy. Bu diňe bir üpjünçiligiň ýokarlanmagy bilen däl-de, eýsem kompaniýanyň ulagyň dürli wersiýalaryny arzanladyp başlamagy bilen baglanyşyklydyr. Çünki, bu kompaniýanyň köpdürlülik illýuziýasyny döredip, hakykatda şol bir model üçin dürli bahalary hödürleýändigi baradaky pikire getirýär.
Cybertruck-yň ortaça bahasy 70 300 ýewro (takmynan, $79 müň) barabar. Bilermenler meseläniň önümçiligiň ýokarlanmagy bilen däl-de, islegiň gowşak bolmagy bilen baglanyşyklydygyny belleýär. Tesla eýýäm önümçilik depginini haýallatdy, bu bolsa alyjylar tarapyndan gyzyklanmanyň pesdigini tassyklaýar.
Satylmadyk awtomobilleriň bir bölegi 2024-nji ýylda öndürildi. Olardan käbiri geçen ýylyň oktýabrynda önümçiligi bes edilen çäkli Foundation Series seriýasyna degişlidir. Bu ulaglar ammarlarda birnäçe aýlap durýar.
Islegi janlandyrmak üçin kompaniýa yzky herekete getiriji, ýöne şol bir akkumulýator bilen has elýeterli wersiýany hem hödürledi.
Ammardaky häzirki ulaglar, takmynan, iki çärýek satuwa deň. Ilkibaşdaky meýilnama ýylda 250 000-e çenli ulagy öndürmegi göz öňünde tutupdy, ýöne indi hatda 20 000-üsini satmak-da başartmasa gerek.
Wedbush Securities maýa goýum kompaniýasyndan analitik Den Aýwz Cybertruck-yň önümçiliginiň wagtlaýyn togtadylyp bilinjekdigini çaklaýar.
Tesla häzirlikçe bu ýagdaýa teswir bermedi.


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......