ABŞ-nyň paçlary, ýapon ýenasy we çig malyň bahalary Toyota-nyň girdejisine zyýan ýetirýär

  • 09.05.2025 16:02
  • 7.2k+

Toyota Motor 2026-njy ýylyň mart aýynda tamamlanjak häzirki maliýe ýylynda operasion girdejiniň 21% azaljakdygyny çaklaýar. Bu barada Reuters agentligi habar berýär.

Kompaniýa geçen ýylky 4,8 trln ýena bilen deňeşdirilende 3,8 trln ýena (takmynan, 26 mlrd dollar) möçberde girdeji gazanmagyna garaşýar. Çaklama LSEG tarapyndan soralan 25 analitigiň ortaça çaklamasyna gabat gelýär.
Pese gaçyşyň esasy sebäpleri ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp tarapyndan girizilen täze import paçlary, ýapon ýenasynyň gymmatlamagy we çig mallar hem materiallar üçin bahalaryň ýokarlanmagy boldy.
ABŞ-nyň nyrh çäreleri Toyota-nyň işi üçin töwekgelçilik döredýär. Olar diňe bir awtomobilleriň Amerika eksportyna däl, eýsem ABŞ-da we beýleki ýurtlarda awtomobillere bolan islegiň pese gaçmagyna getirip biler.
Şeýle-de, ABŞ-da işçi güýji üçin çykdajylaryň ýokarlanmagy we önümçiligi giňeltmek üçin maýa goýumlaryň zerurlygy geljekki maliýe netijelerine täsir edip biler.
Hytaý bazarynda Toyota-nyň satuwynyň pese gaçyşy beýleki ýapon awtoöndürijileri bilen deňeşdirilende az. Şeýle-de bolsa, umumy isleg hytaý brendleri tarapyndan bäsdeşligiň güýçlenmegi sebäpli peselmegini dowam etdirýär.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......