«Türkmenistan» awiakompaniýasy Türkiýede uçarmanlary okatmak üçin dalaşgärleri kabul edýär

  • 09.05.2025 11:06
  • 10k+

“Türkmenistan” awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dalaşgärleri öňünden saýlap seçmek arkaly uçarman käri boýunça Türkiýäniň Awiasiýa Birleşiginiň uniwersitetine kabul edişligi yglan edýär. Okuwyň dowamlylygy 4 ýyl.

Okuwlaryň tölegini “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan şertnama esasynda resmileşdirilýär. Resminamalar görkezilen salgy boýunça kabul edilýär:
Aşgabat şäheri, A.Annaýew köçesi, “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, telefon belgileri:23-47-88, 23-02-61.

Türkiýe Respublikasynyň Awiasiýa Birleşiginiň uniwersitetine 4 ýyllyk uçarman kärine okadyljak dalaşgärleri saýlap almaklygyň Tertibi:

  1. Okuwa Türkmenistanyň raýatlylygy bolan, saglyk ýagdaýy «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Aşgabat halkara howa menziliniň Lukmançylyk merkeziniň uçarmanlara bildirilýän (ICAO-nyň) talaplaryna gabat gelýän barlaglaryndan 15 günüň dowamynda geçmeli, umumy orta bilimden pes bolmadyk bilimli, ýaşy 25-den geçmedik oglanlar (harby şahadatnamasy bolan) giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

  2. Okuw “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ilkibaşlangyç söhbetdeşliginden, Türkiýe Respublikasynyň “Awiasiýa Birleşiginiň uniwersitetiniň wekilleriniň söhbetdeşliginde (synag) we Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherindäki lukmançylyk toparlarynyň barlaglaryndan soň başlanýar.

Resminamalar bildirişiň çap edilen gününden başlap 15.07.2025 senä çenli kabul ediler.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • — bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • — şahsy pasporty (asyl we göçürme nusgasy);
  • — harby şahadatnamasy (asyl we göçürme nusgasy);
  • — umumy orta, orta-hünär we ýokary bilim barada resminama (asyl we göçürme nusgasy;
  • — «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Aşgabat halkara howa menziliniň Lukmançylyk merkezi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • — narkologik hem-de psihonewrologik dispanserlerden güwähat;
  • — soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • — 3x4 sm ölçegde sekiz sany fotosurat;
  • — işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • — mekdep okuwçylary dersler boýunça döwlet bäsleşigine, şeýle hem umumy bilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, ýeňiji bolan bolsa bu ýagdaýy tassyklaýan resminamalarynyň nusgasyny tabşyrýarlar.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary Iňlis dili (iňlis dilinde gürleşip, ýazyp, okap bilmek), matematika we fizika (bu dersler boýunça goşmaça geçilen okuwlaryň şahadatnamalary makullanýar) derslerinden geçirilýär. Beýleki daşary ýurt dil bilimi makullanýar.
Giriş synaglary 21.07.2025-10.08.2025ý seneler aralygynda Aşgabat şäherinde «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde geçirilýär.
Bellik: Ähli synaglardan geçen dalaşgärler bilen daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerinde okamak barada üçtaraplaýyn (Awiakompaniýa, Talyp we Zamunçy) şertnama baglaşyljakdyr, şertnama laýyklykda, Talyp okuwy degişli ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlap, işe başlanyndan soň Awiakompaniýada okan hünäri boýunça 10 ýyl işläp bermeklige borçlanýar.
Okuw üçin tölegler Awiakompaniýanyň hasabyna alnyp barylýar. Okuwdan daşary (wizany resmileşdirmek, saglyk ätiýaçlandyryş, günlik we iýmit, kommunikasiýa, şeýle hem okuw döwründe ýol üçin) çykdajylary dalaşgäriň hasabyna ýerine ýetiriljekdir.


şu gün 09:38
985

Türkmenistanyň DIM-inde HZG-niň wekilleri bilen pudagara tegelek stol maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) wekilleriniň gatnaşmagynda zähmet, durmuş taýdan goraglylyk we durnukly ösüş meselelerine bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi...

şu gün 09:35
637

Türkmenistan bilen HZG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M. Bäşimowa Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit direktory Piter Wan Rooý bilen duşuşyk geçirdi...

düýn 20:33
1.2k+

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Tokioda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A. Baýramowyň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň we Tokio atçylyk toplumynyň ýolbaşçylary Ito Hiroşi hem-de Ýoşikazu Masuda bilen duşuşygy geçirildi...

düýn 19:56
5.5k+

Türkmenistanyň we Türkiýäniň migrasiýa edaralarynyň wekilleri iş maslahatyny geçirdi

2026-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň we Türkiýe Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa müdirliginiň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi...